Ï Pagtanyň öndürilýän möçberlerini has-da artdyrmagy göz öňünde tutulýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Pagtanyň öndürilýän möçberlerini has-da artdyrmagy göz öňünde tutulýar

view-icon 1745

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe welaýatlarda ýerden, suwdan, oba hojalyk tehnikalaryndan we mineral dökünlerden netijeli peýdalanmak, agrotehniki çäreleri ýokary hilli geçirmek arkaly pagtanyň öndürilýän möçberlerini has-da artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine, Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimliklerine:

ýerleriň kärendeçileriniň, peýdalanyjylarynyň we eýeleriniň işini ýokary derejede guramak arkaly 2022-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmek;

gowaçanyň tohumlaryny etraplar boýunça toprak-howa şertlerine görä, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan tassyklanan meýilnama laýyklykda ýerleşdirmek tabşyryldy.

Pagta öndürijiler bilen şertnama baglaşmak esasynda olary agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda amatly möhletlerde:

Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine gowaça ekiljek meýdanlary ýokary hilli gowaça tohumynyň ýeterlik möçberi bilen, ýerleri ekişe taýýarlamak, gowaça ekmek, oňa ideg etmek we pagta ýygmak bilen bagly tehniki hyzmatlar bilen üpjün etmek;

Suw hojalygy baradaky döwlet komitetine degişli suwaryş suwy bilen üpjün etmek;

“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine dökünleriň degişli möçberi bilen üpjün etmek tabşyryldy.