mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Türkmenistanda ýagyş gatyşykly gar ýagar

view-icon 2221
Türkmenistanda ýagyş gatyşykly gar ýagar

Aşgabatda bulutly we ümürli howa bolar. Eýýäm sişenbe güni -18-nji ýanwarda paýtatymyzda ýagyş ýagar. Howa gündizlerine +5… +7 gradusdan 0-dan +2 gradusa çenli üýtgär. Gijelerine 0…+2 gradus sowuk howa bolar. Hepdäniň dowamynda gije –3 gradusa çenli sowamagy mümkin.

Ahal welaýatynda az-kem gar gatyşykly ýagyş ýagar. Gündizlerine +9…+14 gradus howa bolar. Hepdäniň ortasynda howa –1...+4 gradusa çenli sowar. Gijelerine –2…+3 gradusdan 0…–5 gradusa çenli sowar.

Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gar gatyşykly ýagyş ýagar. Gündizlerine howa +4…+9, hepdäniň dowamynda +10…+15 gradusa çenli maýyl bolar. Gijelerine +3…+8 gradusdan –4…+1 gradusa çenli howa bolar. Kenarýaka sebitlerde 0…+5 gradus howa bolar.

Mary welaýatynda ýagyşly, bulutly we şemally howa bolar. Duşenbe güni +10…+15 gradus maýyl bolmagyna garaşylýar. Hepdäniň ortasynda +1…+6 gradusa çenli sowar. Gijelerine +2…+7 gradusdan 0…–5 gradusa çenli sowuk howa bolar.

Lebap welaýatynda gündizlerine +10…+15 gradus maýyl bolar. Hepdäniň ortasynda 0…+5 gradusa çenli sowar. Gijelerine +3…+8 gradusdan –1…–6 gradusa çenli sowuk bolmagyna garaşylýar. Ýagyşly, bulutly we şemally howa bolmagy mümkin.

Daşoguz welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gar gatyşykly ýagyş ýagar. Gündizlerine –3…+2 gradusdan 0…+5 gradusa çenli, gijelerine –2…+ 3 gradusdan –2…–7 gradusa çenli sowuk bolar.

Öýden çykmazdan öň howanyň ýagdaýyny göz öňünde tutup, ýyly eşik we çyg geçrimeýän aýakgap geýiň! Agyz-burun örtügini dakynyň we howpsuz aralygy saklaň!