mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

«Giýewleriň bäsleşigi» sahnada

view-icon 2488
«Giýewleriň bäsleşigi» sahnada
«Giýewleriň bäsleşigi» sahnada
«Giýewleriň bäsleşigi» sahnada
«Giýewleriň bäsleşigi» sahnada
«Giýewleriň bäsleşigi» sahnada
«Giýewleriň bäsleşigi» sahnada
«Giýewleriň bäsleşigi» sahnada
«Giýewleriň bäsleşigi» sahnada
«Giýewleriň bäsleşigi» sahnada
«Giýewleriň bäsleşigi» sahnada
«Giýewleriň bäsleşigi» sahnada
«Giýewleriň bäsleşigi» sahnada
«Giýewleriň bäsleşigi» sahnada
«Giýewleriň bäsleşigi» sahnada
«Giýewleriň bäsleşigi» sahnada
«Giýewleriň bäsleşigi» sahnada
«Giýewleriň bäsleşigi» sahnada
«Giýewleriň bäsleşigi» sahnada
«Giýewleriň bäsleşigi» sahnada
«Giýewleriň bäsleşigi» sahnada
«Giýewleriň bäsleşigi» sahnada
«Giýewleriň bäsleşigi» sahnada
«Giýewleriň bäsleşigi» sahnada
«Giýewleriň bäsleşigi» sahnada
«Giýewleriň bäsleşigi» sahnada
«Giýewleriň bäsleşigi» sahnada
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Özbek dramaturgy Alişer Azizhojaýewiň ýazan bu gyzykly wakasy indi 20 ýyldan gowrak Baş drama teatrynyň tomaşaçylaryny güldürip gelýär.

Bu spektaklyň uzak wagtyň dowamynda sahnadan düşmän gelýänliginiň esasy syry – türkmen we özbek halklarynyň dessurlarynyň meňzeşliginde, häsiýetiniň ýakynlygynda we doganlyk özbek halkynyň arasynda bolup geçen gyzykly wakanyň bize golaýlygynda.

Waka obada bolup geçýär, ata-enesi ýetişen gyzyny durmuşa çykarjak bolýar. Ýöne gyz howludaky äpet töňňäni döwene barjak diýip şert goýýar. Dalaşgärleriň bäşisi palta ýapyşýar. Ýöne olaryň biriniň güýji ýetenok, ikinji salon eýesi elinde palta tutup görmedik. Üçünji biri gyzyň jorasynyň gowy görüp, oňa guda boljak bolýar. Dördünji belli tansçy kellesinde daşary ýurtlara gastrola gitmek pikirinden başga zat ýok. Diňe gyzyň sabyrsyzlyk bilen garaşan ýigidi-bäşinji biri äpet töňňäniň hötdesinden gelýär.

Gudaçylygyň soňy şadyýan toýa ýazýar, onda gatnaşýanlaryň bary tans edýär. Ýigit bilen gyzam, olaryň ata-enesem bagtyýar, obadaşlaram goňşularyň şatlygyna goşulýarlar.

«Giýewleiň bäsleşigi» şeýle şatlykly tamamlanýar. Režisýoryň kömekçisi Aşyr Ýemşikowa we aktýorlara özbek medeniýetiniň ruhuny bermek başardypdyr, özi hem diňe bir milli özbek lybaslarynda we sahna bezeginde däl, eýsem ol gahrymanlaryň çala aňladýan hereketlerinde-de duýulýar. Pýesanyň tejribeli artisti Aşyr Ýemşikowyň aýtmagyna görä, täzeden dikeldilen spektakl onuň ilkinji režisýory Aman Kömekowyň goýşy ýaly dowam edýär.

Baş gahrymanyň keşbini Aýnabat Öwezmämmedowa, onuň ejesiniň keşbini – Ejebaý Kasymowa, jorasynyň keşbini Dilşat Meläýewa ýerine ýetirdiler. Birinji ýigidiň sawçysy Jahan Täçgeldiýewa oýny tanslar bilen bezedi.