Ï Togan Oral: Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky söwda depginli ösýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Togan Oral: Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky söwda depginli ösýär

view-icon 6549
Togan Oral: Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky söwda depginli ösýär

Şu ýylyň 19-njy ýanwarynda geçiren nobatdaky metbugat duşuşygynda Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral pandemiýa çäklendirmelerine garamazdan, geçen ýyl Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň ep-esli artandygyny belledi. 2021-nji ýylda Türkmenistanyň Türkiýä eksporty 50%-den, Türkiýäniňki bolsa 27%-den gowrak ýokarlandy, netijede ýurtlaryň arasyndaky söwda dolanyşygy bir milliard 911 million ABŞ dollaryna barabar boldy.

Ilçiniň belleýşi ýaly, özara söwda dolanyşygynyň artmagyna hazarüsti ulag geçelgesiniň işjeň ulanylmagy goşant goşdy. Ol, şeýle hem, bu işde awtomobil bilen ýük daşamagyň we howa gatnawynyň ähmiýetiniň hem möhüm ornuny nygtady.

Umuman aýdanyňda, diplomat häzirki türkmen-türk gatnaşyklarynyň geçen ýylky ösüşini häsiýetlendirmek bilen, olaryň aýratyn ýakynlaşmagyna we ösmegine ýurtlaryň arasyndaky ýokary derejeli saparlaryň goşant goşandygyny nygtady. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2021-nji ýylyň noýabr aýynda Stambula eden sapary, iki hepde soňýany bolsa Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Aşgabat şäherine jogap sapary geçen ýylyň esasy wakalaryndan bolupdy.

Metbugat ýygnagynda ýerli metbugat wekillerine Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasynyň täze metbugat attaşesi H.Bektaş resmi taýdan tanyşdyryldy.