Ï Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň içerki sarp edijileri üçin 2022-nji ýylda nebit önümleriniň möçberleri tassyklady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň içerki sarp edijileri üçin 2022-nji ýylda nebit önümleriniň möçberleri tassyklady

view-icon 6142

“Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna” laýyklykda, edaralary, kärhanalary, jemgyýetçilik birleşiklerini, hususy telekeçileri we ilaty nebit önümleri bilen bökdençsiz üpjün etmek, şeýle hem bu önümleri has rejeli peýdalanmak boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň içerki sarp edijileri üçin 2022-nji ýylda nebit önümleriniň möçberleri, şol sanda awtobenzin, dizel we gämi ýangyjy, şeýle hem awiakerosin boýunça möçberi tassyklanyldy.