Ï Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň önümleri daşary ýurtly alyjylarda uly gyzyklanma döredýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň önümleri daşary ýurtly alyjylarda uly gyzyklanma döredýär

view-icon 4781
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň önümleri daşary ýurtly alyjylarda uly gyzyklanma döredýär

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Russiýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Şweýsariýanyň, Germaniýanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Owganystanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar we yşyklandyryş kerosinini, polipropileni, ýangyç mazudyny, nebit koksuny, bitumyny satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Serbiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri dürli metallaryň ýüzündäki posy we ýagy arassalamak üçin serişdäni hem-de buýan köküniň gury ekstraktyny satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 54 million dollaryna barabar boldy.

Manat serişdelerine Beýik Britaniýanyň işewür toparlarynyň wekilleri bahasy 87 müň manatdan gowrak bolan derman senagatynyň dürli görnüşli önümlerini satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin bahasy ABŞ-nyň 254 müň 430 dollaryna deň bolan nah ýüplügi, şeýle hem bahasy 1 million 613 müň manatdan gowrak bolan el halylaryny we pagta süýümini satyn aldylar.