Ï Migrasiýa barada Ählumumy ylalaşygyň durmuşa geçirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Migrasiýa barada Ählumumy ylalaşygyň durmuşa geçirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy

view-icon 3089
Migrasiýa barada Ählumumy ylalaşygyň durmuşa geçirilişi  ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Migrasiýa barada Ählumumy ylalaşygyň durmuşa geçirilişi  boýunça Pudagara iş toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Sanly ulgam arkaly geçirilen duşuşygy Migrasiýa boýuna halkara guramasy (IOM) – BMG-niň Migrasiýa boýunça agentligi, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we Türkmenitanyň Döwlet migrasiýa gullugy bilen bielikde guradylar.

10-13-nji maýda BMG-niň Nýu-Ýork şäherinde geçirlmegi göz öňünde tutulýan migrasiýa boýunda Halkara Forumyna milli derejedäki taýýarlygy ara alyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, iş toparynyň utgaşdyryjysy – Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy toparyň agzalarynyň bu Foruma taýýarlyk işine gatnaşmaga taýyndygyny bellenildi.

«Howpsuz, düzgünleşdirilýän we yzygiderli migrasiýa» hakyndaky Ählumumy ylalaşyk BMG-niň howandarlygynda taýýarlanan  ähli babatda halkara migrasiýasyna umumy çemeleşme barada dünýäde ilkinji ählumumy ylalaşykdyr. Ol 2018-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Marokkoda geçirilen migrasiýa boýunça Hökümetara maslahatda bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek maksady bilen kabul edildi.

Ählumumy ylalaşyk ýerli, milli sebit we ählumumy derejelerde migrasiýany dolandyrmak üçin maksatlaryň 23-sini öz içine alýar.