Ï «Şükür bagşynyň» keşbi ýaş nakgaşyň döredijiliginde
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Şükür bagşynyň keşbi ýaş nakgaşyň döredijiliginde

view-icon 9344
Şükür bagşynyň keşbi ýaş nakgaşyň döredijiliginde

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» kitabynda ýaş nakgaş Nurberdi Batyrowyň çeken suraty ýerleşdirilipdir. Suratda «Şükür bagşy» filminiň aýgytlaýjy pursatlarynyň biri görekezilipdir. Biz okyjylarymyzy onuň awtory bilen tanyşdyrmak isledik.

Nurberdi Batyrow 1988-nji ýylda Ahal welýatynyň Gökdepe etrabynyň Ahal obasynda dogulýar. Oglanjyk surat çekmegi halaýardy. Geljekde nakgaş bolmak üçin ol etrabyň çagalar çeperçilik mekdebine okuwa girýär. Žiwopis esaslaryny öwrenýän şol döwri «Şükür bagşy» filmine tomaşa edip, film we onuň baş gahrymany geljekki nakgaşda uly täsir döredýär. Bu kinodrama düşünmek üçin kitapahandan belli ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň kitabyny alyp, bu eseri birnäçe gezek okady we bu kitap onuň halaýan eserine öwrüldi. Powestiň temasy, esasan hem baş gahrymanyň duýgulary, dutara «dil bitirişi» ony şeýle bir özüne imrindirdi welin, ol çeperçilik mekdebiniň gapdalyndan dutarda saz çalmak üçin çagalar sazçylyk mekdebine hem gatnap ugrady.

Bu filme tomaşa etmekden we powesti okamakdan ruhlanyp, ol irde-giçde «Şükür bagşynyň» keşbini surata geçirmegi niýet edinýär.

Çagalyk awzuwyny wysal etmek üçin ol Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky ýörite orta okuw mekdebine okuwa girýär. Bu ýerde ol mowzuk saýlamaga we dürli keşpleri hem-de ýordumlary surata salmaga ukyby bilen deň-duşlaryndan saýlanýar. Tanymal nakgaşlar we žiwopis boýunça tejribeli mugallymar bilen söhbetdeşligi onda özüne ynamy has-da berkidýär. Ol talyp ýyllary köplenç dutar çalardy.

2010-njy ýylda Nurberdi Batyrow diplom işi üçin «Şükür bagşy» mowzugyny saýlap aldy. Žiwopis boýunça mugallymy Hojamuhammet Çüriýew bilen maslahatlaşyp, çagalyk arzuwyny durmuşa geçirmek üçin dürli eskizleri döredýär. Hojamuhammet Çüriýew diňe bir zehinli talybyň höwesini goldaman, eýsem döretjek keşbi dünýä žiwopisiniň ýörelgelerine kybap geler ýaly dürli ýyllaryň beýik nakgaşlarynyň işlerini görkezýär.

Üç aýdan soň ol diplom işini tanymal nakgaşlardan ybarat abraýly emin agzalaryna görkezdi. Bu onuň durmuşynda iň tolgundyryjy pursatdy. Uzaga çeken arakesmeden soň emin agzalary öz gelen netijelerini yglan edýärler. Olar bu işe haýran galandyklaryny we oňa buýsanýandyklaryny gizlemän, onuň çeken suratynyň okuw mekdebiniň muzeýinden mynasyp orun aljakdygyny aýdýarlar. Ol surat häzir hem şol ýerde saklanýar.

Nurberdi Batyrow Ahal welaýatynyň ýörite sungat mekdebinde mugallym bolup işleýär. «Şükür bagşynyň» keşbiniň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitabynda ýerleşdirilmegi ýaş nakgaş we mugallym üçin şatlykly hem-de buýsançly waka boldy. Indi ol tanymal bagşynyň keşbini döretmekde kömek beren adamlary hoşallyk bilen ýatlaýar. Gürrüňdeşligimiziň ahyrynda ol geljekde-de şeýle keşpleri döretmekçidigini aýtdy.