Ï Geljegi nazarlaýan «Ýaşyl» ykdysadyýet
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Geljegi nazarlaýan «ýaşyl» ykdysadyýet

view-icon 12504
Geljegi nazarlaýan «ýaşyl» ykdysadyýet

Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň çäginde energiýanyň dikeldilýän çeşmelerinde, ýagny gün we ýel energiýasyanyň hasabyna işleýän, umumy kuwwatllylgy 10 megawat ýurtda ilkinji elektrik bekedi gurlar. Desga ekologiýa taýdan arassa elektrik energiýasyny öndürmek bilen, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň töwereginde peýda boljak ilatly ýerlerde sarp edijileri elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün eder. 2019-njy ýylyň aprel aýynda tassyklanan «Altyn asyr» Türkmen kölüniň sebitini 2019 — 2025-nji ýyllarda özleşdirmegiň Konsepsiýasyny durmuşa ornaşdyrmak boýunça çäreleriň Meýilnamasyna» laýyklykda göz öňünde tutulýar.

Ýurdumyzyň taryhyndaky bu üýtgeşik taslamanyň durmuşa geçirilmegi pudagyň kuwwatyny güýçlendirmäge, şu ugurdan milli hünärmenleri taýýarlamaga, täze iş ýerlerini döretmäge mümkinçilik berer.

Bu taslamanyň amala aşyrylmagy pudagyň kuwwatlyklaryny artdyrmaga, şu ugur boýunça milli hünärmenleri taýýarlamaga, täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer. Şunuň bilen baglylykda, Energetika ministrligi tarapyndan ýokarda agzalan desgany ulanmaga doly taýýar edip gurmak hem-de «Serdar» elektrik bekedinden 110 kilowolt güýjenmeli elektrik geçirijisini gurmak üçin enjamlary we serişdeleri satyn almak barada halkara bäsleşik geçirildi. Bäsleşigiň jemleri boýunça Türkiýe Respublikasynyň «Çalik Enerji Sanayi we Ticaret A.Ş.» kompaniýasynyň teklibi seçilip alyndy.

Indi birnäçe ýyl bäri «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkezi innowasion tehnologiýalary işläp taýýarlamak we ornaşdrymak boýunça ylmy işleri alyp barýar, energiýanyň dikeldilýän çeşmeleriniň mümkinçiliklerini we ýurdumyzyň ykdysady hem-de durmuş ulgamlarynda energiýa tygşytlaýjy tehnikalaryň, enjamlaryň we materiallaryň häzirki zaman görnüşlerini öwrenýär. Taslamanyň nähili taýýarlanandygy barada «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkeziniň ylmy işgäri Amirhan Ýakubow şeýle gürrüň berýär:

– Ylmy-önümçilik merkezinde «Fotoelektrik özgerdijiler tehnologiýasy», «Gün energiýasyny konsentrirlemek (CSP) we geliotehnika», «Bioenergetika we biomassany işlemek», «Ýel elektrik stansiýalary», «Elektrik energiýasyny akkumulirlemegiň tehnologiýasy» we «Taslama» bölümleri işleýär. Olar ylmy taýdan esaslandyrylan, mysal üçin, fotoelektrik tehnologýalary pudagynda, Türkmenistanda gün elektrik beketlerini oturtmak üçin meýdançalary saýlamak boýunça teklipleri taýýarlaýarlar, gün kadastryny we gün energiýasynyň gorlaryna baha bermek boýunça teklipleri, ýurdumyzyň welaýatlarynda synag fotoelektrik gün beketleriniň, şeýle hem ýel elektrik beketleriniň ylmy esaslaryny işläp taýýarlaýarlar.

Gün energetikasy dikeldilýän energetikanyň iň çalt ösýän görnüşidir. Ýagny, Türkmenistanyň howa we geografik şertleri energiýanyň dikeldilýän çeşmelerini giňişleýin ulanmaga mümkinçilik berýär. Mysal üçin, gün energiýasyny almak we fotoelektrik özgerdijileri ulanmak arkaly ony senagatda hem-de gün kollektorlaryny ulanmak bilen – ýylylyk energetikada işjeň ulanmak bolýar. Ol, hususan-da, elektrik üpjünçilginiň merkezi ulgamyndan daşary ýerleşýän oba ilatynyň we ýerleriniň energiýa üpjünçiligini gowulandyrmaga ýardam etmelidir. Ýeliň, geotermal suwlaryň we bioýangyjyň energiýasyny ulanyp bolar.

Hususan-da, ylmy-önümçilik merkezi halk hojalygynda ulanmak üçin gün arkaly howa gyzdyryjylarynyň we suw gyzdyryjylarynyň taslamasyny işläp taýýarlady, şeýle hem oba hojalyk önümlerini kakatmak üçin gün energetikasynyň taslamasyny taýýarlaýar.

Sanly ykdysadyýeti ösdürmek Konsepsiýasynyň çäklerine taslama we beýleki bölümleriň işgärleri bilen bilelikde «Fotoelektrik gün elektrik beketleriniň taslamasyny taýýarlamagyň sanly ulgamy», «Ýel energetikasynyň taslamasyny taýýarlamagyň sanly ulgamy» ýaly programma üpjünçiligiň birnäçesi işlenilip taýýarlanyldy. Hünärmenlere Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçiligi döwlet gullugynyň degişli resminamalary berildi.

Ylmy-önümçilik merkeziniň «Ýel elektrik stansiýalary» bölüminiň işgärleri ýurdumyzyň çäginde ýel elektrik stansiýalaryny oturtmak üçin meýdançalary saýlamak boýunça teklipleri taýýarladylar. Olar ýel kadastryny işläp taýýarlaýarlar, kuwwatlylygy 2 kilowat ýel energetikasy enjamlarynyň tehniki häsiýetlerini öwrenýärler, olaryň biri Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň ylmy-barlag meýdançasynda oturdyldy.

Türkmenistanda fotoelektrik we ýel elektrik beketlerini ulanmagyň ylmy esaslaryny işläp taýýarlamak wajyp ugurlaryň biridir. Ýurtda daşky gurşawy goramak we ekologiýa taýdan «ýaşyl» tehnologiýalry ornaşdyrmak maksady bilen fotoelektrik we ýel elektrik beketleriniň hem-de onuň elementelriniň taslamasy işlenilip taýýarlanyldy. Ylmy-önümçilik merkeziniň hünärmenleri «Fotoelektrik gün elektrik beketleriniň taslamasyny taýýarlamagyň sanly ulgamy» programma üpjünçiligini taýýarladylar. Bu programmanyň işe girizilmegi bilen Türkmenistanyň islendik ýerinde elektrik beketleriniň taslamasyny taýýarlamak bilen bagly taslama işlerini ýerine ýetirmek aňsat we ygtybarly boldy.

Programma üpjünçiligi fotoelektrik enjamlarynyň taslamasyny taýýarlamakda hasaplamalary takyk we az wagtda ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär, olaryň ygtybarly hem-de netijeli işi şertleriň birnäçesine, ýagny bekediň geografik taýdan ýerleşişine, gün panelleriniň göni tekizlige oňaýly gyşarydylyşna, ýylyň dowamynda gün şöhlesine baglydyr. Şundan ugur alyp, fototelektrik bekediniň ýylyň dowamynda berip biljek elektrik energiýasyny hasaplap, ony nirede netijeli oturtmalydygyny kesgitläp, şeýle hem elektrik bekediniň ölgeçlerine howa şertleriniň täsirini öwrenip bolar. Programma awtomatik ýagdaýda saýlanan sebitiň dürli beýikliklerindäki ýeliň ýagdaýyny hasaplaýar, biz «Altyn asyr» Türkmen kölüniň gün we ýel energiýasyny ulanmakda uly mümkinçiliginiň bardygyny ynamly aýdyp bileris.

Döwlet Baştutanymyz «ýaşyl» energiýanyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak boýunça taslamalaryň örän zerurdygyny aýdyp, daşky gurşawa zyýan ýetirmeýän, ykdysady taýdan bähbitli alternatiw energetika desgalarynyň gurluşygynyň göz öňünde tutulan meýilnamalaryň ählisiniň, şol sanda «Altyn asyr» Türkmen kölüniň sebitinde ekologik abadançylygy üpjün etmek baradaky meýilnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam etjekdigini nygtady.