mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howa maglumaty

view-icon 2536
Ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howa maglumaty

Türkmenistanyň käbir sebitlerinde şemal öwser, ümürli bolar we gysga wagtlaýyn ýagyş ýagar diýlip çak edilýär. Deslapky çaklamalara görä, ýurdumyzda ortaça temperatura +15 gradus bolar.

Aşgabatda hepdäniň başynda güneşli, emma sowuk bolar. Howanyň ýylylygy gündizlerine +6…+8 gradus, gijelerine –5…–3 gradus aralygynda bolar. Hepdäniň dowamynda howanyň ýagdaýy üýtgär. Çarşenbe güni howa +13 gradusa çenli maýlar. Anna güni gysga wagtlaýyn ýagyş ýagmagy mümkin. 

Ahal welaýatynda üýtäp durýan bulutly howa we ümürli bolar. Gündizlerine +5…+10 gradus aralygynda açyk howa, gijelerine –6…–1 gradus aralygynda sowuk bolar.  

Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly we ümürli bolar. Howanyň ýylylygy gündizlerine +9…+14 gradus, gijelerine –3…+2 gradus aralygynda bolar. Hepdäniň dowamynda ýagşa garaşylýar. Deňiz ýakasy sebitlerde howanyň ýylylygy +3…+8 gradus aralygynda bolar.

Mary welaýatynyň howanyň ýylylygy gündizlerine +7…+12 gradus, gijelerine –6…–1 gradus aralygynda bolar. Hepdäniň ahyrynda bulutly howa bolup, ýagyş ýagmagy mümkin. 

Lebap welaýatynda üýtgäp durýan bulutly. Gündizlerine howa +5…+10 gradusa çenli maýlar, gijelerine –1…–6 gradusa çenli sowar. Hepdäniň ahyrynda gysga wagtlaýyn ýagyş ýagar diýlip çak edilýär. 

Daşoguz welaýatynda gündizlerine –4…+1 gradus, gijelerine –10…–5 gradus aýazly howa bolar. Hepdäniň dowamynda gysga ýagynly bulutly howa bolar. 

Öýden çykmazdan öň, howanyň ýagdaýyny göz öňünde tutup, ýylyrak we çyg geçirmeýän aýakgap geýiň. Möwsümleýin sowuklama hassalyklarynyň we dürli keseller ýaýramazlygy üçin, lukmançylyk agyz-burun örtüklerini dakynyň we degişli aralygy saklaň.