Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň «Balkangallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Serdar etrabyndaky häzirki zaman kärhanasynda netijeli işler amala aşyrylýar. Bu ýerde öndürilen bugdaýyň oňat hilli saklanyp, gaýtadan işlenilip, sarp edijilere ýetirilmegi üçin kärhananyň önümçilik kuwwatlyklarynyň hyzmatyndan diýseň netijeli peýdalanylýar.
Welaýatyň Serdar etrabynyň Sarp obasynda ýerleşýän bu önümçilik kärhanasynda işler guramaçylykly alnyp barylýar. Kärhanada işleriň göwnejaý guralmagy, ak bugdaýyň ygtybarly saklanylmagy, onuň gaýtadan işlenilip, ýokary hilli un önümleriniň öndürilmegi doly üpjün edilýär. Şeýle-de bu ýerde oturdylan kämil we kuwwatly enjamlaryň ýerli hünärmenler tarapyndan bökdençsiz işledilmegi işleriň oňat hilini we netijeliligini şertlendirýär.
Kuwwatly kärhananyň ýanynda birwagtlaýyn 50 müň tonna däne saklamak üçin niýetlenen elewatoryň bolmagy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Onda daýhan zähmeti bilen öndürilen ak bugdaý nusgalyk hil derejesinde saklanylýar. Şeýle hem galla hasylyny taýýar azyk önümlerine öwürmekde ýylda 50 müň tonna un öndürýän, bir gije-gündizde 200 tonna däne üwäp bilýän ösen döwrebap kärhanasy hem bar.
Geçen, 2021-nji ýylda bu ýerde 34288 tonna bugdaý gaýtadan işlenilip, meýilnamada göz öňünde tutulan 21885 tonna derek 25716 tonna un taýýarlanyldy. Şeýle-de gürrüňi edilýän döwürde mallar üçin taýýarlanan kepegiň möçberi 7855 tonna boldy. Şeýlelikde, önüm öndürmekde gazanylan ösüş depgini 117,5 göterime barabardyr.
Şu günlerde hem kärhananyň agzybir işçileridir hünärmenleri öndürijilikli zähmet çekip, her bir güni ýokary zähmet görkezijilerine besleýärler.