Ï Çagalar haly önümlerine täze ömür berdiler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Çagalar haly önümlerine täze ömür berdiler

view-icon 5062
Çagalar haly önümlerine täze ömür berdiler
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Bäşim Nuraly adyndaky Çagalar çeperçilik mekdebinde haly bölüminiň okuwçylarynyň meýilnamadan daşgary sergisi açyldy. Serginiň aýratynlygy bu ýerde ähli eksponatlaryň köne haly önümlerinden ýerine ýetirilenligindedir!

Sergi mugallym Altynjemal Baýlyýewanyň özüniň şahyrana «Bahara salam!» atly birnäçe gobelen işini görkezmeginden başlandy. Gülälegiň ýokarysynda perwaz urýan kebelekler we güller şeýle bir gowy welin, çagalary diňe ajaýyp zatlary döretmegi öwrenmäge ruhlandyrýar.

Uly zat kiçiden başlanýar. Ýaş mugallymyň başlangyjyny çagalar uly höwes bilen kabul etdiler. Köne haly önümleri, ölçegi boýunça uly bolmadyk gobelenler we haly önümleri çagalara bölünip berildi, hut şol pursatdan-da ýaş suratkeşler işe girişdiler. Eger öňki gobelen gapjyk reňki we relýefi bilen çöli ýatladýan bolsa, onda hyýal çägäniň ýüzünde owunjak aýak yzlarynyň tertipli «zynjyrjygyny» galdyrýan suwlugany, ýa bolmasa, Beýik Ýüpek ýolunyň kerwenini çekýär. Eger önümler gülzarly sährany ýada salýan bolsa, onda bu, ertekileriň gahrymanlary üçin ajaýyp ýerlikdi.

Şeýlelikde, sergide ertekileriň gahrymanlary - Böwenjik, akylly gyzjagaz Akpamyk, döwler, düýeler, güller, çagalar, itler... peýda boldylar.

Altynjemal Baýlyýewanyň Çagalar çeperçilik mekdebine işe gelenine köp wagt geçenok. Ol özi bilen köp-köp gyzykly pikirleri getirdi we dessine-de çagalar bilen umumy döredijilik dilini tapdy. Adaty zatlara adaty däl garaýyş – bu onuň dünýägaraýşy. Şonuň üçin-de haly bölüminiň okuwçylaryna täze mugallym bilen birlikde pikirlenmekde, özbaşdak täze çözgütleri tapmakda, synpdaşlarynyň şowly işinden ruhlanmakda hiç hili kynçylyk ýok.