Ï Ýyladyşhanada bol hasyl kemala getirilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýyladyşhanada bol hasyl kemala getirilýär

view-icon 8620
Ýyladyşhanada bol hasyl kemala getirilýär

Ýurdumyzyň Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň Talhanbazar geňeşliginiň çäginde ýerleşýän, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Altyn bürgüt» hususy kärhanasynyň döwrebap ýyladyşhanalar toplumynda pomidoryň bol hasyly kemala getirilýär. 2021-nji ýylyň 25-nji martynda açylyp ulanylmaga berlen, jemi 8,5 gektar meýdanda ýerleşip, 6 bölekden ybarat bolan bu ýyladyşhanada pomidoryň 192 müňden gowrak düýbi ösdürilip ýetişdirilýär.

Ýyladyşhananyň häzirki zaman innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylmagy, pomidor nahallaryny iýmitlendirmek, şeýle hem ýyladyşhanada howa çalşygyny amala aşyrmak, durnukly ýylylygy saklamak işleri awtomatiki usulda kompýuterleriň üsti bilen amala aşyrylýar. Desgada pomidor nahallarynyň düýp emele getirişine, ösüşine, hasyla durşuna ýörite synag enjamlarynyň üsti bilen hünärmenler tarapyndan yzygiderli gözegçilik amala aşryrylýar.

Bu döwrebap ýyladyşhananyň esasy aýratynlyklarynyň biri hem pomidor nahallarynyň kokos gabygynyň gyryndylary ýerleşdirilen gaplarda ýetişdirilýänligindedir. Pomidor nahallarynyň güllän mahaly tozanlandyryş işleriniň ýörite arylaryň üsti bilen amala aşyrylmagy hem pomidor hasylynyň deň ululykda ýetişmeklerine we hasyla durmaklaryna ýardam edýär.

«Altyn bürgüt» hususy kärhanasynyň ýyladyşhanalar toplumynda işleriň guramaçylykly alnyp barylmagy, agrotehniki kadalaryň doly berjaý edilmegi pomidoryň bol hasylyny ýetişdirmeklige, ýagny her düýpden ortaça 13 kg, her gektardan bolsa, 230 – 250 tonna ýokary hilli, ekologiki taýdan arassa pomidor hasylyny almaklyga mümkinçilik berýär. Kärhanada pomidor hasylyny ýygnamak işleri tapgyrlaýyn amala aşyrylýar, şeýle hem ýylyň dowamynda 2 müň tonnadan gowrak ýokary hilli, ekologiki taýdan arassa pomidor hasylyny almaklyk göz öňünde tutulýar. Ýyladyşhanada ýygnalan pomidor hasylyny saklamaklyk üçin ýöriteleşdirilen ammarlar hyzmat edýär. Öndürilýän pomidor hasylynyň 80 göterimden gowragy daşary ýurtlara eksport edilýär, hasylyň galan bölegi bolsa içerki bazarlarda ilata hödürlenýär.

Bu kärhanada ýaşlaryň 100-den gowragynyň zähmet çekýändigini. olaryň arakesme döwründe talabalaýyk dynç almaklary, naharlanmaklary üçin ähli şertleriň döredilendigini belläp geçmek hem möhümdir.