Ï Türkmen hünärmenleri seminara gatnaşdylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen hünärmenleri seminara gatnaşdylar

view-icon 2819
Türkmen hünärmenleri seminara gatnaşdylar

Ýurdumyzyň hünärmenleri Milli hasaplar ulgamy (MHU)-2008 düşünjesinde serişdeleriň, harytlaryň we hyzmatlaryň ulanmagy boýunça tablisa düzmek okuwyna gatnaşdylar.

Sanly ulgam arkaly geçirilen seminar Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) bilen bilelikde durmuşa geçirýän «Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň maglumat-tehniki mümkinçiligini pugtalandyrmak» taslamasynyň çäginde gurnaldy.

Halkara bilermen Natalýa Ustinowa seminara gatnaşýanlary serişdeler tablisalaryny gurmagyň we harytlary hem hyzmatlary ulanmagyň usuly esaslary, «çykdajylar-çykyş» tablisalar ulgamy, import aýratynlyklaryny, ulag hyzmatlary üçin goşmaça bahalary, şeýle hem salgytlar we pul kömekleri bilen tanyşdyrdy.

Milli hasaplar ulgamy-2008 (MHU-2008) derňew syýasatyny işläp düzmek üçin ulanylýan makroykdysady hasaplaryň giňişleýin ulgamlaşdyrylan we çeýe toplumyny öz içine alýan statistik esasdyr. Ol ähli ýurtlar tarapyndan ulanmak üçin niýetlenendir we ykdysady ösüşiň dürli derejesindäki ýurtlaryň islegleri göz öňünde tutulmak bilen işlenip düzüldi. 

«Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň maglumat-tehniki mümkinçiligini pugtalandyrmak» taslamasynyň garaşylýan netijeler: 

1-nji netije: Türkmenistanyñ Statistika baradaky döwlet komitetiniñ (Türkmenstat) statistiki maglumatlaryñ hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen maglumat-tehniki mümkinçiligini pugtalandyrylar.

2-nji netije: Türkmenistanyň milli hasaplarynyň usulyýet, maglumat we işgärler mümkinçiligi güýçlendirildi.

3-nji netije: DÖM-nyň görkezijileri boýunça maglumatlary ýygnamak we maglumatlar binýadyna girizmek boýunça degişli hünärmenleri okatmakda Türkmenstata ýardam etmek arkaly DÖM-da ösüşi ölçemek üçin statistiki hasabatlylyk boýunça Türkmenstatyñ mümkinçiligi ýokarlandyryldy.