Ï Ženewada Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary tanyşdyrylydy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ženewada Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary tanyşdyrylydy

view-icon 3874
Ženewada Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary tanyşdyrylydy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tarapyndan öňe süren «Dialog – parahatçylygyň kepili» başlangyjynyň çäklerinde, Türkmenistanyň BMG-niň Ženewa bölüminiň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy Ženewanyň Halkara barlaglary we ösüş boýunça ýokary institutynda Türkmenistanyň 2022-nji ýylda we geljek döwürde daşary syýasatynda ileri tutýan ugurlaryna bagyşlap brifing geçirdi.

Brifinge Ženewada akkreditirlenen diplomatik edaralaryň hem-de halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Brifingiň barşynda 2021-nji – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň jemlerine, şonuň ýaly-da sebit hem-de halkara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmeginde möhüm tapgyr bolan Türkmenistanda geçirilen iri halkara çärelerine aýratyn ähmiýet berildi.

Türkmenistanyň «Dialog – parahatçylygyň kepili» atly ählumumy başlangyjynyň ilerledilmegi halkara bileleşiginiň dünýä halklarynyň parahatçylykda we ynanyşmakda ýaşamaklarynyň dessurlarynyň pugtalandyrylmagy, gymmatlyk kesgitlemeleriniň, parahatçylykly dünýägaraýyşlaryň gaýtadan dikeldilmegi, halkara gatnaşyklarynda parahatçylyk hem-de ynanyşmak medeniýetiniň hemmetaraplaýyn kesgitlenilmegi ugrundaky tagallalarynyň utgaşdyrylmagyna gönükdirilendir.

Brifinge gatnaşyjylar şeýle-de Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynda eden çykyşynyň barşynda öňe sürlen Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary bilen hem tanyş boldular.

Çäräniň ahyrynda BMG-niň Baş Sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary hanym O.Algaýerowa hem-de Intellektual eýeçiliginiň Bütindünýä guramasynyň (IEBG) öňki Baş sekretary jenap Frensis Garrä «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna» atly ýubileý medallaryň gowşurylyş dabarasy geçirildi.