Düýn Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sýan Naýçen bilen duşuşygy geçirildi, onuň barşynda diplomatlar şu ýylyň 25-nji ýanwarynda «Merkezi Aziýa – Hytaý» sanly ulgam arkaly geçirilen sammitiniň netijelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat-gullugy habar berýär.
Şunuň bilen baglylykda, taraplar ýokarda görkezilen Forumyň barşynda Döwlet Baştutanlary tarapyndan beýan edilen başlangyçlaryň hem-de gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegi bilen bagly bolan anyk meselelere seredip geçdiler.