2022-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Aleksandr Blohiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat-gullugy habar berýär.
Taraplar türkmen-rus gatnaşyklaryny mundan beýläk hem ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, halkara we sebit meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň DIM-leriniň derejesinde syýasy-diplomatik gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmeginiň maksadalaýykdygy bellenildi.
Şeýle hem hökümetara gepleşikleriniň yzygider gurnalmagynyň mümkinçiliklerine seredilip geçildi.