Ï «Belet film» hyzmatynyň ýazylyşyk mümkinçiligini ösdürdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Belet film» hyzmatynyň ýazylyşyk mümkinçiligini ösdürdi

view-icon 56768
«Belet film» hyzmatynyň ýazylyşyk mümkinçiligini ösdürdi

«Belet film» hyzmaty multimediýa hyzmatyndan peýdalanýanlara fimleriň, seraiallaryň, multiplikasion filmleriň ýokary tizlikdäki uly sanawyny hödürleýär. Film ýygyndysynyň üsti yzygiderli ýetirilip durulýar. Ýakyn geljekde dünýä klassykasyndan başlap, ýylyň iň täze filmlerine çenli dürli žanrlara degişli fimleriň we seriallaryň 5000-den gowragy elýeterli bolar.

Häzirki günde «Türkmentelekom» EAK-nyň we «Jan tehnologiýa» hojalyk jemgyýetiniň 2021-nji ýylda işe girizien hyzmaty birikmek mümkinçiligini artdyrdy.

Onlaýn kinoteatra «Türkmentelekom» EAK-nyň saýtyndaky şahsy kabinetde, şeýle hem Aşgabat şäher telefon ulgamynyň (AŞTU) IPTV hyzmaty arkaly ýazylmak bolýar.

«Belet filmi» işläp duran IPTV ulgamyna birikdirmek üçin, müşderi pasportyny bilen AŞTU-nyň islendik edarasyna baryp, arza bermeli ýa-da saýtyndaky «Şahsy otag» multiserwis platformasyndan peýdalanmalydyr. Bu hyzmaty maşgalanyň ähli agzasy peýdalanyp biler, çünki ol enjama däl-de, internet ulgamyna birikdirilýär.

Bu hyzmatyň giňden ýaýran Android (5.1 ýa-da ondan ýokary) we iOS operasion ulgam üçin öz goşmaça programmasy bar. Filmlere planşetde, telewizorda we TW gurluşlarda tomaşa etmek bolýar. «Belet film» hyzmatyndan peýdalanýanlara halan filmlerini we seriallaryny mobil enjamlaryna ýüklemek mümkinçiligi göz öňüne tutulan, bu bolsa olara islendik ýerde we islendik wagtda Wi-Fi-a birikdirmezden, tomaşa etmäge mümkinçilik berer.