mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Ulag goşundylarynyň birbada ikisi ornaşdyryldy

view-icon 2625
Ulag  goşundylarynyň birbada ikisi ornaşdyryldy

Türkmenistanyň jemgyýetçilik ulaglary sanly tehnologiýalary ulanmagyň çägini giňeldýär. «Türkmenawtoulaglary» agentligi Aşgabat ýolagçy awtoulag kärhanasy bilen bilelikde Aşgabadyň ýaşaýjylaryna paýtagtyň jemgyýetçilik ulaglarynyň hereketi we ähli awtobus duralgalarynyň ýerleşýän ýeri barada maglumat almak üçin döredilen täze «Duralga» ykjam goşundysyny hödürleýär. Ykjam goşundy häzirki wagtda Android operasion ulgamyna ýükläp almak üçin elýeterdir.

«Duralga» onlaýn-düzgünde GPS tehnologiýasy arkaly şäher awtobuslarynyň hereketini yzarlaýar. Ulanyjy şäheriň islendik nokadynda anyk awtobusyň hereketi barada maglumat alyp biler.

Täze goşundy jemgyýetçilik ulaglarynyň golaýdaky duralgasyny, «A» nokatdan «B» nokada çenli ugruny, awtobusyň nirdedigini we geljek wagtyny kesgitläp bilýär. Interaktiw karta arkaly taýýar ugurlara syn edip bolýar. Şeýle hem ulanyjylar awtobuslaryň ugrunyň üýtgeýşi barada «push» habaryny alarlar.

Öz gezeginde, «Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Aşgabatda taksi çagyrmak üçin täze «Onlaýn taksi» ykjam goşundyny işe girizdi.

Müşderiden çakylyk gelende onuň anyk salgysy görkezilýär. GPS programma arkaly öýjükli telefonyň nirededigi kesgitlenilýär we sürüjä müşderiniň nirededigi takyk habar berilýär. Biraz wagtdan müşderi ulagyň gelendigi barada SMS habar alýar. Ýolagçy barjak ýerine baranda taksi hyzmatynyň bahasy barada SMS habar alýar.

Töleg nagt ýa-da sürüjiniň terminalyndan bank karty arkaly geçirilýär. Ýakyn geljekde onlaýn-töleg geçirmek göz öňünde tutulýar.