Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary Pekinde gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyndan gaýdyp gelenlerinden soň, üç günlük karantinde bolarlar. Bu barada düýn sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bellenildi.
Döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýüzlenip, Hytaýa sapardan gaýdyp gelnenden soň, toparyň Düzgünnamasyna laýyklykda nähili hereket etmelidigi baradaky teklibiňizi beriň diýip aýtdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew adatdan daşary toparyň Düzgünnamasyna laýyklykda, arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek üçin sapardan gelnenden soň, hökmany suratda, karantin çäreleriniň berjaý edilmelidigini, bu çäreleriň iň gysga wagtynyň — 3 gün, ortaça wagtynyň — 10 gün, iň wajyp wagtynyň bolsa 21 gün bolmalydygyny habar berdi.
Döwlet Baştutanymyz bu habary diňläp, wekiliýetiň agzalarynyň hem karantin geçmeli boljakdyklaryny aýdyp, arassaçylyk kadalaryna görä, biz 3 gün — ýekşenbe, duşenbe we sişenbe günleri karantinde bolarys diýip belledi.