Ï Eksport geleşikleriniň arasynda nebithimiýa önümleri öňdeligi eýeleýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Eksport geleşikleriniň arasynda nebithimiýa önümleri öňdeligi eýeleýär

view-icon 7060
Eksport geleşikleriniň arasynda nebithimiýa önümleri öňdeligi eýeleýär

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 36-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň we Şweýsariýanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen az kükürtli ýangyç mazudyny, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri bolsa «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň degişli kärhanasynda öndürilen EKO-93 kysymly awtobenzinini satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 52 million 60 müň dollaryna deň boldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin bahasy 53 million 790 müň manatlykdan gowrak bolan ýokary dykyzlykdaky polietileni hem-de el halylaryny satyn aldylar.