Ï Ýurdumyzda bulutly, ýöne maýyl howa garaşylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzda bulutly, ýöne maýyl howa garaşylýar

view-icon 7626
Ýurdumyzda bulutly, ýöne maýyl howa garaşylýar

Türkmenistanda hepdäniň başynda üýtgäp durýan bulutly, güneşli howa bolar bolmagyna garaşylýar. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda az wagtlyk ýagyş ýagmagy mümkin.

Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly. Howanyň temperaturasy gündizlerine +7…+9 gradus, gijeleine bolsa 0…–2 gradus aralygynda bolar. Hepdäniň dowamynda howanyň +17° gradusa çenli maýlamagyna garaşylýar. Howanyň temperaturasy gijelerine +4…+6 gradus aralygynda bolar. Şeýle-de bolsa, dynç günleri bulutly howa bolup, ýagyş ýagmagyna we howanyň temperaturasynyň az wagtlyk peselmegine garaşylýar.

Ahal welaýatynda-da şonuň ýaly howa bolar. Gündizlerine üýtgäp durýan bulutly, howanyň temperaturasy +5…+10 gradus aralygynda bolar. Hepdäniň dowamynda gündizlerine +15…+20 gradusa, gijelerine + 3…+8 gradusa çenli maýlar. Ýagyş ýagmagy mümkin.

Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly, az wagtlyk ýagyş ýagmagy garaşylýar. Ir bilen ümür bolmagy mümkin. Howanyň temperaturasy gündizlerine +8…+13 gradus, gijelerine -3…+2 gradus aralygynda bolar. Hepdäniň dowamynda +20 gradusa çenli maýlar. Kenarýaka sebitlerinde +3…+8 gradus bolar.

Mary welaýatynyň çäginde-de, esasan bulutly howa bolar. Gündizlerine howanyň temperaturasy +6…+11 gradusgijelerine -2…+3 gradus aralygynda bolar. Hepdäniň ahyrynda termometriň sütüni gündizlerine +20 gradusa çenli ýokarlanar. Emma dynç günleri ýagyş ýagmagy mümkin.

Lebap welayatynda üýtgäp durýan bulutly we ýagyşly howa bolar. Gündizlerine simap sütüni +4…+9 gradus derejesinde saklanar. Hepdäniň ortalarynda bu görkezijiler +13…+18 gradusa çenli ýokarlanar. Gijelerine 4…+1 gradus, hepdäniň ahyrynda bolsa + 2…+7 gradus aralygynda bolar.

Daşoguz welaýatynda esasan bulutly howa bolar. Gündizlerine +2…+7 gradus, gijelerine 0… –5 gradus howa bolar. Ygal ýagmagy mümkin. Şeýle-de bolsa, hepdäniň dowamynda gündizlerine +8…+13 gradus howa bollup, gijelerine +1…+6 gradusa çenli maýlar.