2022-nji ýylyň 7-nji fewralynda Seul şäherinde Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tegelek stol geçirildi.
Maslahat Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan guralyp, bu çärä Koreýanyň Daşary işler ministrliginiň Ýewraziýa Departamentiniň Direktorynyň orunbasary hanym Park Çansil, Merkezi Aziýa – Koreýa hyzmatdaşlyk forumynyň Sekreteriatynyň direktorynyň orunbasary Çang-Sun Jee, Merkezi Aziýa – Koreýa Dostluk assosiasiýasynyň ýolbaşçysy hanym Li Ok Rýon, şeýle hem bu ýurtda okaýan türkmen talyplary gatnaşdylar.
Çärä gatnaşyjylara türkmen-koreý hyzmatdaşlygyna, şeýle hem ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrýan wideoşekiller görkezildi.
Dabara gatnaşyjylar iki ýurduň Prezidentleriniň ýolbaşçylygynda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça işjeň derejede alnyp barylýan bilelikdäki hereketleriň oňyn ösüşini bellediler. Hususan-da, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurduň oňyn Bitaraplyk syýasaty esasynda ýola goýulan gatnaşyklary iki döwletiň halklarynyň bähbidi üçin geljekde ösdürmegiň giň mümkinçilikleri barada aýtdylar.