Ï Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy

view-icon 3966
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Şu gün biz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen şygar astynda üstünlikli geçen 2021-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemlerini ara alyp maslahatlaşmak, öňümizdäki 30 ýyl üçin iň möhüm wezipeleri kesgitlemek, şeýle hem mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini üpjün etjek döwlet durmuşynyň beýleki örän möhüm soraglaryna seretmek üçin ýygnandyk.

S.Berdimuhamedow, Siziň, şeýle-de, ähli ýolbaşçylaryň wezipesi, ilki bilen, pudaklary depginli ösdürmegiň, sanly ulgamy ornaşdyrmagyň we ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmagyň hasabyna ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de artdyrmak, durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmek bolup durýar. Şeýle hem jemi içerki önümiň ösüşini azyndan 6 göterime ýetirmek hem-de döwletimiziň girdejilerini artdyryp, bazar ykdysadyýetini ösdürmek boýunça degişli işleri amala aşyrmakdan ybaratdyr.

Siz ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň kabul edilen maksatnamasynyň ýerine ýetirilişini aýratyn gözegçilikde saklamaly. Içerki bazary ösdürmegi hem-de ýurdumyzyň eksporta bagly bolmagyny azaltmagy dowam etmeli.

Şu ýyl biz ençeme ileri tutulýan ugurlara köp möçberde maýa goýumlaryny gönükdirmelidiris, esasy pudaklarymyzy tehnologiýa taýdan döwrebaplaşdyrmaga milliardlarça manat bolan serişdeleri maýa goýmalydyrys.

Bu ugurlar ykdysadyýetimizi sanly ulgama geçirmek we kompýuter tehnikalary, gurluşyk senagaty, deňiz we demir ýol ulaglary, oba hojalygy we energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmakdyr. Ylmy-barlag we tejribe-konstruktorçylyk işlerine goýulýan maýa goýumlarynyň möçberlerini artdyrmakdyr. Şeýle hem ykdysadyýeti dolandyrmagyň gurluşyny, täze ýaş ýolbaşçy işgärleri taýýarlamagy kämilleşdirmegi dowam etmekdir. Kiçi we orta kärhanalaryň mümkinçiliklerini artdyrmak üçin biz olara döwlet tarapyndan goldaw bermegi dowam etmelidiris.

Işewürligi alyp barmak üçin amatly şertleri döretmek arkaly hususy telekeçiligiň ösüşini çaltlandyrmalydyrys.

Bank ulgamynyň esasy wezipeleri, ozalkysy ýaly, puluň hümmetsizlenmegini çaklanylýandan ýokary bolmadyk derejede saklap galmakdan, pul toplumyny düzgünleşdirmek we oňa gözegçilik etmek esasynda ýurdumyzyň ykdysadyýetini pul serişdeleriniň zerur bolan möçberi bilen üpjün etmekden ybaratdyr.

Biz ýurdumyzyň pul-karz ulgamyny gyşarnyksyz ösdürmelidiris, maliýe serişdelerimizi dolandyrmagy gowulandyrmalydyrys. Milli pulumyzyň çalşylýan hümmetiniň durnukly bolmagyny gazanmalydyrys.

Ykdysadyýetimiziň pudaklaryna gönükdirilýän karz serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagyny we berlen bank karzlarynyň wagtynda üzülmegini üpjün etmelidiris.

Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, şäherleriň, etraplaryň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2027-nji ýyla çenli döwür üçin täze Milli maksatnamasyny hem taýýarlamaly. Bu maksatnamany amala aşyrmak üçin mümkinçilige görä, has köp maýa goýumlaryny goýmaly.

Siziň bilşiňiz ýaly, sebitleri ösdürmegiň strategiýasy islendik döwleti durnukly ösdürmegiň möhüm bölegi bolup durýar. Bu mesele çäkleriň tebigy-serişde mümkinçiligi we olary gaýtadan öndürmek, demografiýa hem-de ilatyň iş bilen üpjünçiligi, durmuşynyň derejesi we hili ýaly örän möhüm soraglary öz içine alýar.

Işçi güýjüni netijeli dolandyrmak we zähmet bazarynyň soraglaryny çözmek, raýatlaryň zähmet çekmäge bolan konstitusion hukuklaryny amala aşyrmaklary üçin şertleri döretmek boýunça çäreler döwlet syýasatynda uly orun eýelemelidir.

Ş.Abdrahmanow, nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary!

Ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlaryndan biri nebitgaz pudagyny ösdürmek we ony döwrebap ýagdaýa getirmek bolup durýar. Şeýle hem uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemek boýunça innowasion önümçilikleri döretmekden, onuň eksport mümkinçiliklerini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekden, şeýle-de energiýa serişdelerini ibermegiň köp görnüşli turbageçiriji ulgamyny emele getirmekden ybaratdyr.

Şoňa görä-de, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri dowam etmeli. Täze känleri gözlemek, özleşdirmek we önümleri çykarmak, uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemek boýunça taslamalary ýerine ýetirmek üçin daşary ýurt maýa goýumlaryny köp çekmeli.

Nebitiň, tebigy gazyň we gaz kondensatynyň gorlaryny artdyrmak, täze känleri gözlemek maksady bilen, Barsagelmez, Goturdepe, Demirgazyk Goturdepe, Nebitdag, Altyguýy, Uzynada, Günorta Uzynada, Keýmir, Akpatlawuk känlerini işjeň ösdürmeli, «Galkynyş» gaz käninde alnyp barylýan işleri hem dowam etmeli.

Nebitiň düýpli gaýtadan işlenýän möçberlerini artdyrmak hem-de ýokary goşulan bahasy bolan täze önümlerini öndürmek boýunça-da zerur işleri geçirmeli.

Ýurdumyzyň nebitgaz toplumyna sanly ulgamy ornaşdyrmak, türkmen tebigy gazyny daşarky bazarlara ibermegiň möçberlerini artdyrmagyň hem-de onuň täze ugurlarynyň hasabyna energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça hem netijeli işleri alyp barmaly. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini gurmak boýunça strategik taýdan möhüm taslamany işjeň amala aşyrmaly.

Tebigy gazy gaýtadan işleýän täze zawodlary gurmak, suwuklandyrylan gazyň öndürilýän we eksport edilýän möçberlerini artdyrmak boýunça işleri hem dowam etmeli.

Ç.Purçekow, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, häkimler we ähli ýolbaşçylar!

Biz häzir şu ýyl üçin gurluşyk maksatnamasyna seretdik. Bu maksatnama örän köp işleri öz içine alýar. Düýpli maýa goýumlarynyň möçberi maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleri boýunça 40 milliard manada golaý bolar. Munuň özi zawod-fabrikleri, hassahanalary, saglyk merkezlerinidir öýlerini, mekdebe çenli çagalar edaralaryny, mekdepleri, medeniýet öýlerini, edara ediş merkezini, täze şäherçeleridir ýaşaýyş jaýlaryny gurmagy hem-de olaryň durkuny täzelemegi göz öňünde tutýar.

Şoňa görä-de, Ç.Purçekow, senagat we durmuş maksatly desgalaryň, aýratyn-da, Ahal welaýatynyň edara ediş merkeziniň gurluşygyny aýratyn gözegçilikde saklamaly.

Türkmenabat — Aşgabat — Türkmenbaşy ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyny hem örän möhüm gurluşyklaryň biri hökmünde hasap etmeli.

Paýtagtymyzyň demirgazygynda gurulmagy meýilleşdirilýän «Aşgabat-siti» ýaşaýyş toplumyny dünýä derejeli tehnologiýalary hasaba almak bilen gurmagyň taslamasyny düzmek işlerini-de dowam etmeli.

Ýurdumyzda sement zawodlarynyň ikinji nobatdakysynyň gurluşygyny hem işjeň alyp barmaly. Şeýle hem gurluşyk serişdelerini, şol sanda sement, demir önümlerini, inert we timarlaýyş serişdelerini öndürýän kuwwatly pudagy döretmek boýunça zerur işleri geçirmeli.

Ýurdumyzy ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasynda göz öňünde tutulan, gurluşykda döwlet çykdajy-ölçeg binýadyny taýýarlamak we nyrh emele getiriş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça çäreleri durmuşa geçirmegi çaltlandyrmaly.

Biz energetika toplumyna aýratyn ähmiýet berýäris. Bu ugurda hem öňde uly wezipeler durýar.

Bu wezipeler pudaga sanly ulgamy ornaşdyrmak we ýurdumyzyň elektrik energetikasyny ösdürmek, täze elektrik stansiýalaryny gurmak we hereket edýänleriniň durkuny täzelemek bolup durýar. Şeýle hem ýurdumyzy elektrikleşdirmek işini tamamlamakdan hem-de goňşy ýurtlara iberilýän elektrik energiýasynyň möçberlerini artdyrmakdan ybaratdyr.

Öňde Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň halkara taslamasyny tamamlamak boýunça hem uly işler dur.

Ýurdumyzyň himiýa senagatyny ösdürmegi hem üns merkezinde saklamalydyrys.

Himiýa we gazhimiýa senagatyny ösdürmäge gönükdirilen giň gerimli taslamalary durmuşa geçirmäge köp möçberde daşary ýurt maýa goýumlaryny goýmalydyrys. Durkuny täzelemek we döwrebap ýagdaýa getirmek arkaly «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň garamagyndaky kärhanalaryň önümçilik kuwwatyny hem artdyrmalydyrys.

Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagy agrotehniki möhletlere laýyklykda, zerur bolan mineral dökünler bilen üpjün edilmelidir. Biz oba hojalyk pudagy üçin daşary ýurtlardan getirilýän mineral dökünleri özümizde öndürmelidiris.

M.Çakyýew, toplumyň ýolbaşçylary!

Biz ykdysadyýetimize sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça uly işiň başyny başladyk. Pudaklara sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen bagly soraglar amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugruna öwrülmelidir.

Häzirki döwürde sanly tehnologiýalar bütin dünýäde uly orny eýeleýär we döwleti dolandyrmagy gowulandyrmaga ýardam berip, ilata edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga şert döredýär.

Täze tehnologiýalar ykdysadyýetiň adaty pudaklaryny özgerdýär, işewürligi amatly ýagdaýda alyp barmaga hem-de ykdysadyýeti ösdürmäge ýardam edýär.

Şoňa görä-de, kärhanalary sanly ulgama goşmagy, «Bitewi penjire» elektron görnüşinde ilata dürli döwlet hyzmatlarynyň edilmegini çaltlandyrmaly. Şeýle hem sanly ulgam üçin ýaş zehinli hünärmenleri okatmaly. Sanly ykdysadyýet we innowasion tehnologiýalar boýunça «Türkmentel — 2022» halkara sergisini hem-de maslahaty ýokary derejede guramaly.

Ýurdumyzyň demir we awtomobil ýollarynyň durkuny täzelemek işlerini hem dowam etmeli.

Maýa goýumlary tapyp, howa menzilleriniň gurluşygyny alyp barmaly, aragatnaşyk serişdelerini ösdürmeli.

Milli raýat howa ulaglarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek, ýolagçy we ýük gatnawlarynyň möçberlerini artdyrmak maksady bilen, Balkan welaýatynyň Jebel şäherinde täze howa menziliniň gurluşygyna başlamaly.

Agzalan desgalar boýunça zerur bolan işgärleri taýýarlamaly hem-de halkara güwänamalary almaly. Halkara deňiz portumyzyň doly güýjünde ulanylmagyny gazanmaly, ulag-logistik merkezleri döretmegiň üstünde işlemeli.

Şeýle hem Aşgabat Ylalaşygy, Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe — Ýewropa hem-de Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça işler amala aşyrylanda, döwrebap ýagdaýa getirilen ulag ýollarynyň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmak hem zerur bolup durýar.

Beýleki döwletleriň we ýurdumyzyň harytlaryny halkara bazarlara eksport etmek, şeýle hem daşary ýurt harytlaryny örän gysga we amatly möhletlerde ýurdumyza getirmek üçin ulag ýollaryny netijeli peýdalanmaly.

Ýurdumyzda döredilen häzirki zaman ulag, aragatnaşyk we logistika pudaklaryny halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge, döwletimiziň ykdysady we eksport mümkinçiligini ýokarlandyrmaga gönükdirmeli.

Ç.Gylyjow we pudagyň ýolbaşçylary!

Dünýä ykdysadyýetinde emele gelen ýagdaý bilen baglylykda, azyk harytlarynyň ýurdumyzda öndürilýän möçberlerini artdyrmagy dowam etmeli. Içerki bazary azyk harytlary we ilkinji nobatda, zerur bolan harytlar bilen bolelin üpjün etmeli. Ilata edilýän hyzmatlaryň görnüşlerini artdyryp, ähli ýerde elektron söwdany we harytlary eltip bermegi ýola goýmaly. Bazarlarda azyk önümleriniň bolçulygyny döretmek boýunça zerur işleri alyp barmaly.

Ýurdumyzyň dokma we haly pudaklaryna köp möçberde maýa goýumlarynyň goýulýandygyny göz öňünde tutup, kärhanalaryň önümçilik netijeliligini hem-de girdejili bolmagyny ýokarlandyrmaly.

Önümleriň eksport edilýän möçberlerini artdyrmak, şeýle hem ýerlemegiň täze bazarlaryny we görnüşlerini gözlemek boýunça ähli zerur çäreleri görmeli.

Ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi goldamaga gönükdirilen çäreleri dowam etmeli. Milli ykdysadyýetiň hususy pudagyny ösdürmäge, häzirki zaman telekeçilik ulgamyny döretmäge ýardam bermeli. Hususy taraplara täze bazarlary we ýerlemegiň görnüşlerini gözlemekde goldaw berip, ýurdumyzda öndürilen önümleriň alyjylar bazarynda ýerlenýän möçberlerini artdyrmaly.

«Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Döwlet maksatnamasyny» durmuşa geçirmek maksady bilen, söwda we telekeçilik ugurlaryna degişli pudaklarda sanly ulgamy toplumlaýyn ornaşdyrmagy dowam etmeli.

Innowasion başlangyçlary, öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmagyň, şol sanda elektron işewürligi, harytlary sanly ulgam arkaly eltip bermek boýunça hyzmatlary giňeltmegiň hasabyna işewürlik hem-de jemgyýetçilik iýmiti hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyryp, köpdürlüligini gazanmaly.

Ilata edilýän söwda hyzmatlarynyň medeniýetini ýokarlandyrmak maksady bilen, sebitlerde we Aşgabat şäherinde ýerleşen bazarlary, söwda merkezlerini we dükanlary eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, meýilnamalaýyn tertipde döwrebaplaşdyrmaly.

Türkmen el halyçylyk sungatyny ösdürmek, milli el halylarymyzyň bütin dünýädäki meşhurlygyny artdyrmak boýunça giň gerimli işleri alyp barmaly.

M.Mämmedowa we ulgamyň ýolbaşçylary!

Şu ýylyň şygary bolan «Halkyň Arkadagly zamanasy» we Konstitusiýamyzyň ýubileýi köp ugurlar, şol sanda ykdysadyýet, syýasat we taryh boýunça işlemek üçin giň şertleri döredýär. Şunuň bilen baglylykda, telewideniýäniň programmalaryny, teatrlaryň repertuaryny giňeltmek we täzelemek, muzeýleriň ekspozisiýalaryny artdyrmak hem-de dürli çeperçilik sergilerini guramak boýunça köp işler geçirilmelidir.

Siz baýramçylyklara bagyşlap, teleýaýlymlarda täsirli çykyşlary we gepleşikleri taýýarlamaly, teatrlarda täze sahna eserlerini, pýesalary goýmaly we aýdym-saz çykyşlaryny guramaly.

Merdana halkymyzy şöhratlandyrýan döredijilik duşuşyklaryny, ylmy maslahatlary, sergileri, bäsleşikleri, teatrlaşdyrylan sahnalarydyr aýdym-sazly baýramçylyklary köp geçirmeli.

Teleradioýaýlymlarda goýberilýän habarlaryň hilini ýokarlandyrmaga uly üns berilmelidir. Bu habarlar jemgyýetimizde bolup geçýän oňyn özgertmeleri beýan etmelidir. Ýylyň şygaryna laýyklykda, geçen 30 ýylda ata Watanymyzyň gazanan uly üstünliklerini we belent sepgitlerini giňden ýaýmalydyr.

Siziň bilşiňiz ýaly, ýaňy-ýakynda halkymyzyň dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bolan ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Bu biziň üçin uly abraý, halkymyzyň asyrlardan aşyp gelýän milli mirasynyň, medeni gymmatlyklarynyň halkara derejede ykrar edilmegidir.

Men sizi we siziň üstüňiz bilen mähriban halkymy bu şatlykly waka bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Biziň milli medeni mirasymyzy ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy we maddy däl mirasynyň ajaýyp nusgalarynyň sanawyna goşmak üçin degişli resminamalary taýýarlamagyň üstünde işlemegi dowam etmeli. Şeýle hem bu ugurda degişli edaralar bilen zerur işleri alyp barmaly. Döwlet habarlar agentligi bilen dünýäniň esasy habarlar agentlikleriniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça işleri dowam etmeli.

Biziň ýurdumyz bilen sebitiň hem-de dünýäniň dürli döwletleriniň arasyndaky medeni gatnaşyklary berkitmek, gazanan üstünliklerimizi wagyz etmek, zehinli sungat işgärlerini ýüze çykarmak hem-de dünýä jemgyýetçiligine tanatmak boýunça zerur işleri geçirmeli.

Dünýäniň dürli ýurtlaryndan bolan medeniýet we sungat işgärleriniň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmeli.

Şu maksat bilen, Türkmenistanyň beýleki döwletlerde, beýleki döwletleriň bolsa ýurdumyzda Medeniýet günlerini köpräk geçirmeli. Ýurdumyzda dürli halkara medeni çäreleri guramaly hem-de degişli wekillerimizi, döredijilik toparlarymyzy, artistlerimizi halkara medeni çärelere gatnaşmak üçin daşary ýurtlara ibermeli.

Medeniýet ministrligi bilen daşary ýurtlaryň iri merkezleriniň we uniwersitetleriniň arasynda gol çekilen ylalaşyklara laýyklykda, ýurdumyzda ýerleşen taryhy hem-de medeni ýadygärliklerde gazuw-agtaryş we barlag işlerini geçirmegi dowam etmeli.

Biziň bütin dünýäde parahatçylygy we ýurdumyzyň Bitaraplygyny berkitmäge gönükdirilen halkara başlangyçlarymyzy, şeýle hem içeri we daşary syýasatymyzyň möhüm wakalaryny giňden wagyz edip, olaryň netijeli amala aşyrylmagyna ýardam bermeli.

Şeýle hem şahsy arassaçylygyň soraglaryny, ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak babatda biziň görýän çärelerimizi ilata ýetirmek üçin giňden düşündiriş işlerini alyp barmaly.

S.Toýlyýew we ulgamyň ýolbaşçylary!

Ýurdumyzda bellenen uly özgertmeleri geçirmek işlerini dowam etmeli. Senagatlaşdyrmak, elektron senagaty döretmek, ykdysadyýetimize sanly ulgamy ornaşdyrmak, gymmatly kagyzlaryň bazaryny döretmek, bazar ykdysadyýeti we telekeçilik hem-de hukuk ulgamydyr ylmy ösdürmek bu ugurlarda köp sanly hünärmenleri talap edýär. Şoňa görä-de, sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy babatda hem hünärmenleri taýýarlamak boýunça iş alyp barmaly.

Pandemiýa garamazdan, häzirki döwürde yza galmazlyk üçin, bize ýiti zerur bolan ugurlar, ýagny maliýe, oba hojalygy, senagat we elektron senagaty boýunça okuw meýilnamasynyň täze maksatnamalaryny işläp taýýarlamaga ünsi jemlemeli. Şu maksat bilen, öňdebaryjy milli we halkara tejribäni hemişe öwrenmeli hem-de birleşdirmeli. Şeýle hem täze ugurlarda hünärmenleri taýýarlamak üçin dünýäniň abraýly uniwersitetleri bilen hyzmatdaşlyk etmekde bilelikdäki bilim maksatnamalaryny durmuşa geçirmeli, bu işe biziň ylmy institutlarymyzy hem çekmeli.

Koronawirus bilen bagly häzirki ýagdaýdan ugur alyp, milli saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de döwrebap ýagdaýa getirmegi dowam etmeli. Önümçilige öňdebaryjy lukmançylyk ylymlaryny giňden ornaşdyrmaly. Dürli keselleriň, aýratyn-da, ýokanç keselleriň öňüni almagyň, olary anyklamagyň we bejermegiň iň täze usullaryny öwrenmeli we ulanmaly. Şu maksat bilen, bu ugurda bar bolan tejribeleri netijeli alyşmak üçin daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyz bilen ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmaly.

Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary netijeli sporty ösdürmek, umumymilli derejede dürli sport-sagaldyş çärelerini hem-de halkara ýaryşlary geçirmek biziň içeri syýasatymyzyň strategik ugry bolup durýar.

Ylym ulgamyny kämilleşdirmek üçin maksatnamalarda göz öňünde tutulan çäreleri amala aşyrmak arkaly milli ykdysadyýetimizde ylmyň, tehnologiýalaryň we sanly innowasiýalaryň ornuny ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmeli. Ylym babatda halkara guramalar, ylmy merkezler bilen hyzmatdaşlygy giňeltmeli.

Barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyryp, ýurdumyzda we dünýäde ylmyň gazanan üstünliklerini önümçilige ornaşdyrmaly hem-de ylmy-tehniki maksatnamalary utgaşdyrmagy gowulandyrmaly.

Şonuň ýaly-da, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmäge, sürümli ýerleriň şoruny ýuwmaga, hapa suwlary tygşytlamaga we netijeli ulanmaga gönükdirilen barlaglary geçirmeli.

Şorlaşan ýerlerde oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmegiň innowasion usullaryny we tehnologiýalaryny ornaşdyrmaly.

Häzirki zaman seýsmotektoniki ýagdaýynyň ösýän şertlerinde mümkin bolan ýertitreme zolaklaryny öwrenmek boýunça işleri güýçlendirmeli. Ýer gabygynyň seýsmiki, geodinamiki, elektromagnit, gidrodinamiki we geohimiki ölçeglerine gözegçilik etmeli hem-de baha bermeli.

E.Orazgeldiýew we oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylary!

Ýurdumyzda azyk harytlarynyň öndürilişini giňeltmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmeli. Şeýle hem dünýä ykdysadyýetinde emele gelen ýagdaýlar bilen baglylykda, içerki bazaryň bu önümler bilen üpjün edilişini gowulandyrmaly. Bazarlarda azyk önümleriniň bolçulygyny döretmek boýunça zerur işleri geçirmeli.

Şu maksat bilen, oba hojalygynyň netijeliligini artdyrmaly. Guşçulyk we et-süýt önümçiligini, oba hojalyk toplumynyň azyk we beýleki pudaklaryny ösdürmegi üpjün etmeli.

Agrosenagat toplumynyň azyk, maldarçylyk, et we süýt senagaty ýaly kärhanalarynyň kuwwatlylygyny artdyrmak boýunça zerur çäreleri görmeli hem-de şertleri döretmeli.

Örüleri we oba hojalyk maksatly sürümli ýerleri niýetlenişine görä we netijeli ulanmak boýunça işleri geçirmeli. Oňyn halkara tejribeden ugur alyp, oba hojalyk ekinleriniň hasylyny artdyrmak we tohumçylygy ösdürmek üçin zerur işleri alyp barmaly. Ýer kadastryny tamamlap, dürli oba hojalyk ekinlerini ýetişdirmegiň usuly gollanmalaryny taýýarlamaly.

Pudaga hususy önüm öndürijileri giňden çekmegiň hem-de önümçilige öňdebaryjy ylmy tejribeleri yzygiderli ornaşdyrmagyň hasabyna ýurdumyzda azyk üpjünçiligini gowulandyrmaly.

Ilatymyzy özümizde öndürilen önümler, şol sanda gök önümler bilen bolelin üpjün etmek, bu önümleriň daşary ýurtlardan getirilýän möçberlerini azaltmak we eksport mümkinçiligini giňeltmek üçin gök ekinleriň ösdürilip ýetişdirilýän meýdanlaryny artdyrmaly.

Biz maldarçylygy ösdürmek, mallaryň baş sanyny we olardan alynýan önümleriň möçberlerini artdyrmak boýunça hem zerur işleri geçirmelidiris.

Şunuň bilen baglylykda, mallar üçin ot-iýmlik ekinleriň meýdanyny hem giňeltmelidiris.

Oba hojalyk ekinleriniň suw bilen üpjünçiligini mundan beýläk-de gowulandyrmak hem-de suwuň goşmaça gorlaryny döretmek üçin, biz suw howdanlaryny gurmak we olaryň göwrümlerini giňeltmek işlerini-de alyp barmalydyrys. Oba hojalyk ekinleri suwarylanda ulanylýan suw tygşytlaýjy häzirki zaman usullaryny önümçilige giňden ornaşdyrmalydyrys we bu ugurda iň gowy dünýä tejribesini ulanmalydyrys.

R.Meredow, häzirki wagtda dünýäde bolup geçýän ýagdaýlardan ugur alyp, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň oňyn daşary syýasatyny ösdürmek we onuň gerimini has giňeltmek talap edilýär. Şunuň bilen baglylykda, 2022-nji ýylda iri halkara we sebit guramalary, şeýle hem dünýäniň döwletleri bilen deňhukukly, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek boýunça işleri dowam etmeli. Şoňa görä-de, Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik häsiýetli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmeli. Bu guramanyň we beýleki köptaraplaýyn düzümleriň çäklerinde «Dialog — parahatçylygyň kepili» diýen ählumumy başlangyjy ösdürmek boýunça zerur işleri alyp barmaly. Bu başlangyç 2021-nji ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçirilen «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahatyň çäklerinde häzirki döwrüň halkara gatnaşyklarynyň filosofiýasy hökmünde teklip edildi.

Şeýle hem biziň milli ulag-logistika, ýangyç-energetika, tebigaty goramak we ekologiýa diplomatiýamyzy göz öňünde tutup, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Goşulyşmazlyk Hereketi, Bütindünýä Söwda Guramasy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy we beýleki halkara hem-de sebit düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy dowam etmeli.

Bitarap Türkmenistanyň köptaraply diplomatiýasyny netijeli durmuşa geçirmek üçin ýurdumyzyň Merkezi Aziýa we golaýdaky hyzmatdaş döwletler bilen özara bähbitli we uzak möhletli hyzmatdaşlygyny giňeltmäge aýratyn ähmiýet bermeli.

Bu ugurda 2021-nji ýylda ýurdumyzda geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň netijeleri boýunça kabul edilen Bilelikdäki Beýannamany durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreleri görmeli.

Şeýle hem Hazarýaka sebitiň döwletleri bilen gatnaşyklary yzygiderli ösdürmeli we hyzmatdaşlygyň täze usullaryny hem-de ugurlaryny işläp taýýarlamaly. Şunuň bilen baglylykda, 2022-nji ýylda Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň Türkmenistanda altynjy sammitini ýokary derejede we netijeli guramak üçin zerur işleri geçirmeli.

Garaşsyz döwletimiziň Aziýa — Ýuwaş umman, Amerika we Ýewropa ýurtlary bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmegi üpjün etmeli.

Şundan ugur alyp, hyzmatdaş döwletler we halkara guramalar bilen gatnaşyklarda Daşary işler ministrligi ýurdumyzyň syýasy-ykdysady diplomatiýasyny işjeň alyp barmaly. Ugurdaş ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bu meselede zerur işleri geçirmeli.

Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew!

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty we Mejlisi ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmeli. Şu meselede dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň oňyn tejribesini we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny goldanmaly.

Siziň bilşiňiz ýaly, şu ýyl Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilenine 30 ýyl dolýar. Şoňa görä-de, biziň Esasy Kanunymyzyň mazmunyny, onda beýan edilen kadalary we ýörelgeleri, adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak boýunça amala aşyrylýan anyk işleri düşündirmek we giňden wagyz etmek babatda çäreleriň toplumyny geçirmeli.

Milli Geňeşiň Mejlisi Halk Maslahaty we Daşary işler ministrligi bilen bilelikde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyna gowy taýýarlyk görmeli. Bu forumy 2022-nji ýylyň maý aýynda geçirmek göz öňünde tutulýar.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň zenanlarynyň dialogyny hem şu forumyň çäklerinde guramak meýilleşdirilýär. Şoňa görä-de, Parlamentara forumyň gün tertibiniň taslamasyny taýýarlamaly hem-de bu ugurda ýurdumyzyň Hökümeti bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmeli.

Milli Geňeşiň Halk Maslahaty we Mejlisi dürli ýurtlaryň parlamentleri bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak we ösdürmek boýunça işi dowam etmelidir. Halkara guramalar, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň düzümine girýän guramalar bilen hyzmatdaşlygy has-da berkitmelidir.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalary we Mejlisiň deputatlary syýasy partiýalar we jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerini wagyz etmek boýunça alyp barýan işlerini dowam etmeli. Wekilçilikli häkimiýetiň ýerli edaralaryna we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna kanunçylygy öwrenmek boýunça guramaçylyk we usulyýet kömegini bermeli.

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!

Hormatly adamlar!

Häzir men geçen ýylyň jemlerini jemlemek isleýärin. Geçen, 2021-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda biz ata Watanymyzyň beýik Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny ägirt uly buýsanç duýgulary bilen giňden belläp geçdik.

Berkarar döwletimiziň baş baýramyny mynasyp garşylamak maksady bilen, halk hojalygynyň ähli pudaklarynda ýokary netijeler gazanyldy.

Watandaşlarymyzyň tutanýerli zähmeti netijesinde «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda bize bellän ähli meýilnamalarymyzy ýerine ýetirmek başartdy. Milli ykdysadyýetimiziň ýokary ösüş depginini saklap galdyk.

Geçen ýyl jemi içerki önümiň ösüşi 6,2 göterim boldy. Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň, parahatçylygyň hem-de demokratiýanyň mizemez gymmatlyklaryny özünde jemleýän kanunlary işläp taýýarlamak, durmuşa ornaşdyrmak boýunça işler dowam etdirildi.

Halk hojalygynyň ähli ugurlarynda diýen ýaly önümçiligiň möçberleriniň aňryçäk bellenen ösüş depgini üpjün edildi. Bölek haryt söwda dolanyşygynyň we daşary-söwda dolanyşygynyň görkezijileri ýokarlandy. Zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň möçberleri artdyryldy.

Ýurdumyzda 2007-nji ýyl bilen deňeşdireniňde, 2021-nji ýylda ortaça zähmet hakynyň möçberiniň 366,3 göterim ýokarlanandygyny buýsanç bilen bellemek isleýärin!

Pensiýalary we döwlet kömek pullaryny tölemek üçin 2008 — 2021-nji ýyllarda goýberilen maliýe serişdeleri bolsa 1054 göterim artdy.

Şu ýylyň 1-nji ýanwaryndan köp çagaly eneleriň maddy hal-ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça hem anyk çäreler durmuşa geçirilip başlandy.

Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlarynyň möçberi 24,6 milliard manada barabar boldy.

Milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny amatly taýýarlamaga hem-de durmuşa geçirmäge gönükdirilen netijeli işler alnyp baryldy, hyzmatdaşlyk etmegiň täze ugurlary kesgitlendi.

Koronawirus pandemiýasy we köp ýurtlarda girizilen çäklendirmeler şertinde daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge aýratyn üns berildi.

Garaşsyzlygymyzyň, howpsuz we asuda durmuşymyzyň kepili bolan ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň goranmak ukyby hem berkidilýär.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda gallanyň we gowaçanyň gowy hasyly alyndy, iri zawod-fabrikleriň gurluşygy üstünlikli dowam edýär. Geçirýän özgertmelerimize laýyklykda, nebitgaz känleri özleşdirilýär, esasy gaz geçirijiler çekilýär. Has oňaýly ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, ýokary derejeli myhmanhanalaryň we beýleki durmuş desgalarynyň gurluşygy giň gerim bilen alnyp barylýar.

Men geçen ýyl göz öňünde tutulan 30 desganyň ýerine umumy bahasy 13 milliard manat bolan 73 sany iri desganyň ulanmaga berlendigini aýratyn kanagatlanmak we buýsanç bilen bellemek isleýärin.

Aşgabatda Hökümet binalar toplumy, söwda merkezi we iki sany 7 ýyldyzly myhmanhana açyldy. Ahal welaýatynda iki sany iri dokma toplumy we ýokary tizlikli awtomobil ýoly, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde ýokanç keseller hassahanasy, Magtymguly etrabynda köpugurly hassahana we Bereket etrabynda uly suw howdany, Daşoguz welaýatynda haly fabrigi ulanmaga berildi.

Şeýle hem ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde «Türkmeniň ak öýi» binalary, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň täze üpjünçilik desgalary, Lebap welaýatynda Kerki Halkara howa menzili we iri elektrik we gaz basyş stansiýalary, Mary welaýatynda hem plastmassa turbalaryny öndürýän zawod işe girizildi.

Geçen ýyl Akina — Andhoý stansiýalarynyň arasynda 30 kilometrlik demir ýol ulgamy, Kerki — Şibirgan ugry boýunça 153 kilometrlik elektrik geçiriji, şeýle hem Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlary ulanmaga berildi. Häzirki döwürde Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň hem-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň gurluşygy dowam edýär.

Ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmek we ykdysadyýetimizi sanly ulgama geçirmek boýunça işler hem kabul eden maksatnamalarymyza laýyklykda alnyp barylýar.

Saglygy goraýyş babatda hem öz wagtynda zerur çäreler görüldi. Sebäbi jemgyýetiň saglygy döwletiň berk binýadydyr.

Şoňa görä-de, biz adamlaryň saglygyny goramak we ömür dowamlylygyny artdyrmak, keselleriň öňüni almak we sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmak boýunça yzygiderli işleri alyp barýarys.

Halkymyzyň, şol sanda ýaş nesillerimiziň saglygyny we bagtyýar durmuşyny üpjün etmegiň şerti hökmünde bedenterbiýä we sporta örän uly ähmiýet berýäris. Biz geçen ýyl Tokio şäherinde geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda gazanan üstünligimize örän buýsanýarys.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly halkara gatnaşyklar babatda hem şowly boldy. Biz dünýäniň ähli döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga uly üns berýäris. Bu gatnaşyklar ynanyşmaga we özara düşünişmäge, dürli ugurlarda açyk hem-de netijeli hyzmatdaşlyga esaslanýar. Ikitaraplaýyn döwletara gatnaşyklar bilen birlikde Bitarap ýurdumyz iri halkara guramalar, şol sanda Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Goşulyşmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy we beýleki abraýly halkara düzümler bilen köpugurly hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär. Şeýlelikde, ozal hem bolşy ýaly, Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasy berkarar döwletimiziň esas goýujy kadalaryna, anyk aýdylanda bolsa Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk kadalaryna laýyklykda amala aşyryldy.

Ýurdumyzda halkara ähmiýetli çäreler ýokary derejede geçirildi. Şol çäreleriň arasynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XI mejlisine, Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna hem-de Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitine aýratyn ähmiýet bermelidiris.

Parahatçylyk söýüji we netijeli daşary syýasaty alyp barýan Bitarap döwletimiziň abraý-mertebesi halkara jemgyýetçilikde yzygiderli ýokarlanýar. Biziň ýurdumyzyň abraýly halkara guramalarda öňe sürýän köp sanly başlangyçlaryna düşünilýär we olar giňden goldanylýar.

Şeýlelikde, Bitarap Türkmenistan sebitde parahatçylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga, hoşniýetli goňşuçylyk ýagdaýyny döretmäge hem-de hyzmatdaşlyk etmäge uly goşant goşdy we goşmagyny dowam edýär. Bularyň ählisi biziň dünýädäki ornumyzy berkitmäge hem-de Türkmenistanyň halkara abraýyny artdyrmaga ýardam berdi.

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!

Hormatly adamlar!

Umuman, geçen ýyly häsiýetlendirmek bilen, men onuň köp sanly möhüm wakalar we üstünlikler bilen ýurdumyzyň taryhynda hem-de halkymyzyň hakydasynda hemişelik galjakdygyny ynam bilen aýdyp bilerin. 2021-nji ýylda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen şygar bilen ýurdumyzyň ägirt uly tebigy baýlyklaryny peýdalanmak, uly ykdysady mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek hem-de milletimiziň ruhy-medeni taýdan gülläp ösmegini gazanmak boýunça örän uly işler bitirildi.

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!

Hormatly adamlar!

Men bu barada öň hem birnäçe gezek aýdypdym, ýene-de gaýtalamak isleýärin, biziň gazanan ähli üstünliklerimiz we ýeten sepgitlerimiz diňe alyp barýan syýasatymyzy halkymyzyň giňden goldamagy, durmuşymyzy gowulandyrmak boýunça geçirýän özgertmelerimize işjeň gatnaşmagy netijesinde mümkin boldy.

Şoňa görä-de, men Garaşsyz döwletimiziň gazanan uly üstünliklerine öz zähmeti bilen ýardam edenleriň ählisine, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna hem-de ýönekeý zähmetkeşlere tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin.

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!

Hormatly adamlar!

Biz her ýyly belli bir şygar boýunça geçirýäris. Şu ýyl üçin şygarymyz «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip kesgitlenildi. Bu sözler uly many-mazmuny özünde jemleýär. Bu şygar watançylyk ruhumyzy ýokarlandyrmaga, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen taslamalary we maksatnamalary amala aşyrmaga, ykdysady kuwwatymyzy berkitmäge, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga ýardam bermelidir. Munuň özi biziň ählimize aýratyn jogapkärçilik hem ýükleýär. Şoňa görä-de, bu şygary iş ýüzünde amala aşyrmak üçin örän köp we tutanýerli zähmet çekmelidiris.

Ata Watanymyzy üstünlikli ösdürmek üçin bize täze taslamalar, täze pikirler we dolandyryş çözgütleri zerur. Şoňa görä-de, siz köp başlangyçlar bilen çykyş etmeli, işjeň zähmet çekmeli.

Biz geljekde hem beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň özümizde öndürilýän möçberini artdyrmalydyrys. Ýurdumyzyň egsilmez tebigy baýlyklaryny özleşdirip, ägirt uly mümkinçiliklerini netijeli ulanmalydyrys.

Şu ýyl ähli ýolbaşçylaryň esasy wezipesi ilatyň ýaşaýşynyň hilini gowulandyrmak, girdejilerini artdyrmak, täze iş orunlaryny döretmek we maýa goýumlaryny çekmek bolup durýar.

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!

Hormatly adamlar!

Şu günki mejlisimizi jemlemek bilen, biz ata Watanymyzyň özümize bagly bolmadyk kynçylyklara garamazdan, parahatçylygy, howpsuzlygy, durmuş-ykdysady ösüşi gazanmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de gowulandyrmak ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny doly suratda aýdyp bileris.

Men siziň ähliňize berk jan saglygyny we uly üstünlikleri, mähriban halkyma bolsa abadançylyk arzuw edýärin.