Ï Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsuly Russiýanyň Diplomatik işgäri gününi bellemäge gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsuly Russiýanyň Diplomatik işgäri gününi bellemäge gatnaşdy

view-icon 5124

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Kazan ş.) Baş konsuly A.H.Baýramow 10-njy fewralda bellenýän Russiýanyň Diplomatik işgäriniň güni mynasybetli geçirilen çärelere gatnaşdy. Kazan Federal (Wolgaboýy) uniwersitetiniň (KFU) Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen konferensiýada eden çykyşynda diplomat kärdeşlerini hünär baýramçylygy bilen gutlady we ýaş diplomatlary taýýarlamak işinde olara üstünlik arzuw etdi.

Bu çärä Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň Kazandaky wekilhanasynyň, Kazan Federal (Wolgaboýy) uniwersitetiniň, şeýle hem daşary ýurtlaryň Kazandaky Baş konsullyklarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Türkmen diplomaty ýurdumyzyň Russiýa Federasiýasy bilen hyzmatdaşlygy barha pugtalandyrýandygyny belledi.

Häzirki wagtda Tatarystan Respublikasynyň «Kamaz», «Tatneft», «KER-Holding», «Kazan dikuçar zawody», «Ak Bars» Gämigurluşyk korporasiýasy» kompaniýalary bilen söwda we ykdysady taslamalary işjeň durmuşa geçirýär, oba hojalygy we lukmançylyk pudaklaryndaky hyzmatdaşlyk-da işjeňleşdirilýär. Soňky 2 ýylda Kazanda Baş konsullyk, şeýle hem «Türkmen Söwda öýi» açyldy. Iki döwletiň arasyndaky medeni we ynsanperwerlik hyzmatdaşlygyny aýratyn belläp geçmegimiz gerek. Häzirki wagtda Tatarystan Respublikasynda 5 müňe golaý türkmen talyby bilim alýar, Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlyk barada birnäçe resminamalara gol çekildi, olaryň çäginde mugallymlar toparynyň sanly ulgam arkaly sapaklary yzygiderli geçirilýär.

Şu ýylyň 8-nji aprelinde Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl dolýar. Şunuň bilen baglylykda, KFU-nyň Halkara gatnaşyklar institutynyň ýolbaşçylygy bu şanly senäniň öňüsyrasynda Baş konsullyk bilen bilelikde türkmen, rus we daşary ýurtly talyplaryň gatnaşmagynda medeni çäre geçirmek barada ylalaşyga geldi.