Ï Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen brifing
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen brifing

view-icon 7491
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen brifing

Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň 11-nji fewralda geçirilen mejlisinde kabul edilen taryhy çözgütlere bagyşlanan brifing geçirildi.

Brifinge ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik edaralaryň hem-de halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Brifingiň dowamynda golaýda geçirilen möhüm syýasy wakalaryň döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň içeri ösüşi bilen baglylykda Türkmenistanyň halkara syýasatynyň ilerledilmeginde aýratyn ähmiýete eýedigi bellenildi. Şunda ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň döwletimiziň, hususan-da, bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýaly esas goýujy ýörelgelerine laýyklykda durmuşa geçirilýändigi nygtaldy.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisiniň gün tertibine girizilen meseleler umumyhalk bähbitlerine, ýokary syýasy-hukuk, medeni ýörelgelerine, gadymdan gelýän halk häkimiýetliliginiň däplerine eýe bolup, ýurdumyzyň we halkymyzyň mundan beýläkki ösüşini üpjün etmek maksady bilen wajyp döwlet çözgütlerini kabul etmäge raýatlaryň gönüden-göni gatnaşmagyny üpjün etdi.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň mejlisiniň dowamynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» tassyklamak hakynda» Karara gol çekdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň döwletimiziň daşary syýasat ugrunyň we döwletimiziň halkara giňişlikdäki belent abraýynyň möhüm ähmiýete eýedigini nygtandygy bellenildi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bitarap döwletimiziň daşary syýasatynyň Konstitusiýa, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Konstitusion Kanuna we ýurdumyzyň daşary syýasatynyň Konsepsiýasyna, şeýle hem beýleki kanunçylyk namalaryna esaslanýandygy baradaky sözleriniň giň mana eýedigi nygtaldy. Bu syýasat bütin adamzady gatnaşyklary kämilleşdirmäge çagyrýan nusgalyk syýasatdyr. Bitaraplyk biziň syýasy doktrinamyzdyr. Biz deňhukuklylyk we özara hormat goýmak esasynda daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyzyň ählisi bilen halkara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdüreris.

Umumyhalk forumynda döwlet Baştutanymyzyň göz öňünde tutulan meýilnamalary hem-de kabul edilýän maksatnamalary durmuşa geçirmekde ýaşlarymyza aýratyn umyt baglanylýandygyny nygtamagy uly ähmiýete eýedir.

Diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary çykyşlarynda häzirki wagtda dünýä bileleşiginiň türkmen Lideriniň baştutanlygynda döwletimiziň barha artýan daşary syýasat mümkinçilikleriniň parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmegiň syýasy-diplomatik guraly hökmünde doly herekete getirilýändiginiň şaýady bolýandygyny bellediler. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesi sebitde durnuklylygyň, ýurtlaryň arasynda geosyýasy we milli bähbitleri berjaý etmegiň hem-de ylalaşmagyň esasynda özara ylalaşykly gatnaşyklary ýola goýmagyň möhüm şertidir. Bitarap Türkmenistanyň dünýäde emele gelýän ýagdaýlara oňyn hem-de oýlanyşykly çemeleşmeleri özara düşünişilmegine, ynanyşylmagyna, deňhukuklylyga we ähli döwletleriň, halklaryň bähbitleriniň berjaý edilmegine ýardam berýär.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň mejlislerinde, beýleki iri forumlardyr maslahatlarda häzirki zamanyň möhüm meseleleri boýunça öňe süren başlangyçlarynyň we teklipleriniň yzygiderli durmuşa geçirilmegine ygrarlydygy bellenildi.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň ýakynda geçirilen mejlisinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gazanan üstünliklerine hem-de ýeten sepgitlerine ýokary baha berildi we geljekki 30 ýylyň dowamynda ýurdumyzyň okgunly ösüşini üpjün etmäge ýardam berýän giň gerimli çärelere badalga berildi.

Brifingiň ahyrynda konstitusion kadalardan hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan işlenip taýýarlanylan ýurdumyzyň daşary syýasat Konsepsiýasyndan gelip çykýan esasy wezipelere eýerip, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň dünýäde halkara hukugyň ýörelgelerine daýanýan, durnukly, adalatly, demokratik gurluşyň berkarar bolmagyna işjeň ýardam bermegini dowam etdirjekdigi we Ýer ýüzünde parahatçylygyň hem-de howpsuzlygyň pugtalandyrylmagy üçin hemme zerur çäreleri görjekdigi ýene-de bir gezek beýan edildi.