Daşoguz şäherinde 450 orunlyk täze köpugurly hassahana toplumynynyň we 150 orunlyk onkologiýa hassahanasynyň gurluşygy soňky tapgyrda alnyp barylýar. Bu täze saglyk desgalaryny «Ajaýyp gurluşyk» hususy kärhananyň hünärmenleri bina edýärler.
Häzir desgalaryň ikisinde-de diwarlaryň daşyny mermer bilen örtmek işleri tamamlanýar, şeýle-de içki bezeg we ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmak işleri dowam edýär.
Häzirki wagtda gurulýan döwrebap saglygy goraýyş edaralarynyň dünýä ülňülerine laýyklykda köp sanly bejeriş we anyklaýyş hyzmatlaryny hödürlär. Dürli gatly sekiz binadan ybarat köpugurly täze hassahanada iň döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen birnäçe bölümler hyzmat eder.
Täze saglyk edaralarynyň ikisinde hem ösen infrastrukturasy, şol sanda öz barlaghanalary, kislorod beketleri, kir ýuwulýan ýerleri, naharhanalary, ussahanalary we ammarlary, awtoulag duralgalary, dynç alyş ýerleri göz öňüne tutulan. Şeýle-de köpugurly hassahanada dikuçar meýdançasy abzalaşdyrylan.
Halkymyzyň saglygy barada alada etmek döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Soňky ýyllarda welaýatyň şäherlerinde we oba ýerlerinde döwrüň talabyna laýyklykda, onlarça saglyk merkezi we öýleri guruldy, welaýatda, şeýle hem käbir etraplarda köpugurly hassahanalaryň dürli bölümleriniň binalary guruldy ýa-da düýpli abatlanyldy.