Ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde ýerleşýäň Daşoguz welaýatynyň çäginde ösýän iň owadan agaçlaryň biri-de güjümdir. Başynda gümmez şekilli «täç» bolan bu daragtyň goýry saýasy jöwzadan ygtybarly penadyr. Ýerli gojalar güjümiň, başgaça aýdylanda, garagajyň howany gowy arassalaýandygyny tassyklaýarlar.
Onuň berdaşly kök ulgamy çydamlylyga we ýerli howa şertlerine uýgunlaşmaga ýardam edýär. Belent boýly bu agajyň ömri uzak bolup, köne döwürlerde ol gudratly hasaplanypdyr. Geçmişde hünärmenler onuň ýokary hilli mäkäm göwdesinden dürli öý goşlaryny we saz gurallaryny ýasapdyrlar. Biziň günlerimizde gujum agajy şäherdäki beýleki agaçlara garanyňda seýregräk hem bolsa, heniz ony köçelerde we şäher seýilgähinde görmek bolýar. Bu ýerde güjüm agajyna diýseň aýawly çemeleşýärler we idegini ýetirýärler.
Bu gün Daşoguzyň gök öwsüp oturan dynç alyş baglarynda we seýilgählerinde iňňe ýaprakly agaçlaryň, şeýle hem gyrymsy agaçlaryň köp görnüşi, şol sanda dagdan, tut, derek, igde hatda hurma agajy-da duş gelýär. Soňky ýyllarda şäherde inine ösýän arça we bezeg zirk peýda boldy.