Ï Türkmenistanyň Prezidenti Litwa Respublikasynyň Prezidentini Döwletiň dikeldilen güni bilen gutlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Litwa Respublikasynyň Prezidentini Döwletiň dikeldilen güni bilen gutlady

view-icon 5388

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Litwa Respublikasynyň Prezidenti Gitanas Nauseda we onuň üsti bilen ýurduň ähli halkyna Litwa döwletiniň dikeldilen güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady.

Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly pursatdan peýdalanyp, Prezident Gitanas Nauseda berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Litwa Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk hem-de abadançylyk arzuw etdi.