Ï GDA-nyň Elektrik energetikasy geňeşiniň 30 ýyllygy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

GDA-nyň Elektrik energetikasy geňeşiniň 30 ýyllygy

view-icon 2580
GDA-nyň Elektrik energetikasy geňeşiniň 30 ýyllygy

GDA-nyň elektrik energetikasy geňeşiniň döredilmegine 30 ýyl boldy. Ol 1992-nji ýylyň 14-nji fewralynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň elektrik energetika pudagynda döwletara gatnaşyklaryny utgaşdyrmak baradaky şertnama laýyklykda döredilipdi. GDA-nyň elektrik energetikasy geňeşiniň düzümine GDA agza ýurtlaryň elektrik energetikasy müdirlikleriniň we milli energetika edaralaryň ýolbaşçylary girýär. GDA-nyň Elektrik energetikasy geňeşiniň 2021-nji ýylyň 30-njy iýunyndaky 58-nji mejlisiniň karary bilen onuň prezidentligine Russiýa Federasiýasynyň Energetika ministri N.G.Şulginow, wise-prezidentligine bolsa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.K.Pürçekow bellenildi.

GDA-nyň elektrik energetikasy geňeşiniň işiniň esasy ugurlary: elektrik energetikasy ulgamlarynyň ugurdaş işlemegini we GDA agza ýurtlaryň umumy elektrik energetikasy bazaryny emele getirmegini; GDA-nyň çäginde elektrik energetikasy pudagyny kadalaşdyrmagyň, tehniki binýadyny täzelemegi we sazlaşdyrmagy; energiýanyň netijeliligini, tygşytlylygyny we gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmegi üpjün etmek; GDA agza ýurtlaryň energetika pudagynda bir umumy maglumat giňişligini döretmek; Arkalaşyga agza döwletleriň elektrik energetikasy pudagynda hünärmenleri taýýarlamak we GDA ýurtlarynyň energiýa ulgamlarynyň işgärleri üçin hünär ussatlygy boýunça halkara tejribelerini giňeltmek we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekden ybaratdyr.

GDA-nyň elektrik energetikasy geňeşiniň hemişelik işleýän guramalary, onuň Ýerine ýetiriji komiteti we özara gatnaşyklar strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça Utgaşdyryjy geňeşidir. Bu komitet energiýa ulgamlarynyň işleýşini, ösüşini we döwlet energetika ulgamlarynyň iş ýörelgelerini utgaşdyrmak boýunça teklipleri işläp düzýär.

Geňeşiň işlän ýyllarynda senagat sarp edijileri we ilat üçin üznüksiz elektrik üpjünçiligini guramak boýunça elektrik enjamlarynyň, işgärleriň we bilelikdäki işleriň işini düzgünleşdirýän 200-den gowrak resminama taýýarlandy. GDA-nyň elektrik energetikasy geňeşiniň 30 ýyllyk iş tejribesi energetika pudagynyň ösmegine möhüm goşant goşdy we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda durmuş-ykdysady gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn çuňlaşmagyna ýardam etmegini dowam edýär.