Ï Şemalyň döreýän ýeri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Şemalyň döreýän ýeri...

view-icon 8298
Şemalyň döreýän ýeri...

Türkmenistanyň günorta-gündogarynda Tejen we Murgap derýalarynyň aralygynda özboluşly ösümlik we haýwanat dünýäsine baý Bathyz belentlikleri giň sähra gözellik goşup, ýaýylyp ýatyr. «Bat» sözüniň terjimesi şemal bolup, «hyz» döremegi-dogulmagy aňladýar. Örän ýerlikli at dakylan bu belent giňişlikde, aýdylmagyna görä, ýylyň dowamynda ortaça ýüz ýigrimi gün şemally bolýar. Ýazy owadan we gysga, tomusy ýiti jöwzaly, güýzi salkyn, gyşy gazaply Bathyz öz tebigy şertlerine uýgunlaşan, başga ýerlerde seýrek duş gelýän ösümlikleriň, guşlaryň we haýwanlaryň mesgenidir.

Bathyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň baýlygyny we köpdürlüligini, esasan-da Merkezi Aziýanyň çäginde diňe şu ýerde bar bolan gulanlaryň toplumyny saklap galmak baradaky ylmy maglumatlaryna esaslanyp, 1941-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Bathyz döwlet goraghanasy döredilýär. Goraghananyň umumy meýdany 88 müň gektara golaý bolup, olar 3 sany bölumden – Pylhatyn, Çemenebit we Gyzyljardan ybaratdyr. Goraghananyň giňişligini pisse tokaýlygy, çägelik sähra we akymsyz çöketlikler diýlip şertli atlandyrylýan ýerüsti görnüşler tutýar.

Jemi 21 müň gektardan gowrak meýdany tutýan pisse tokaýlygy ýyl-ýyldan giňeýär. Abadan jülgedäki belent gum gerşinden çykyp duran «Abadan çöňňe» diýlip atlandyrylýan ýeke daşdiş, Pinhan jülgäniň owadan baýyrlarydyr ösümlikleri, Kepele jülgesindäki pisse tokaýlygy tebigatymyzyň baýlygydyr. Şu ýerdäki 8 asyr ýaşan garry pisse agajy, deňiz derejesinden müň metr çemesi belentlikdäki Garadaş gaýasy, sary we gyzyl çigildemlerdir beýleki seýrek duş gelýän güller Bathyza gelýän jahankeşdeleri haýran galdyrýar.

Bathyzda ýerde-suwda ýaşaýanlaryň iki, süýrenijileriň otuz dokuz, guşlaryň 250-den gowrak, süýdemdirijileriň kyrka golaý görnüşi goralýar. Bu çäkde oňurgasyz haýwanlaryň hem bir müň üç ýüz çemesi görnüşiniň barlygy anyklanan. Bathyzda duş gelýän haýwanlaryň elliden gowragy Türkmenistanyň «Gyzyl kitabyna» girizilen. Şolaryň birnäçesi, şol sanda gulan Tebigaty goramagyň halkara Guramasynyň Gyzyl kitabyna hem hasaba alyndy. Bathyz häzirki wagtda dünýäniň has möhüm goraghanalarynyň hataryna goşuldy.

Bathyz goraghanasynyň ylmy-barlag edarasyň hukuk derejesi bolup, ondaky tebigy toplumlar barada döwletimiziň we daşary ýurtly alymlar tarapyndan müňlerçe makalalar, ylmy monografiýalar ýazyldy, ellä golaý kandidatlyk we doktorlyk işler goraldy.

Tebigatyň gudraty bilen döräp, halkymyzyň paýyna düşen bu ajaýyp künjek arzylanyp söýülýär, eý görlüp goralýar. Eziz Diýarymyzyň daşky gurşawy goramak we ekologiýany gowulandyrmak bilen bagly Maksatnamalarda göz öňünde tutulýan çäreler netijesinde Bathyzyň gaýtalanmajak baýlyklary hiç haçan egsilmejek hazyna öwrüldi.