Ï Türkmenistanda ýeralma ekişi başlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda ýeralma ekişi başlandy

view-icon 8835

Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynyň oba hojalykçylary ýazlyk ýeralma ekişine girişdiler.

Döwlet Baştutanymyzyň 15-nji fewralda sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda habar berlişi ýaly, şu ýyl jemi 30 müň gektara ýazlyk ýeralma ekmek meýilleşdirilýär. Şu ýyl ekerançylyk ýerlerine ýeralmanyň irki görnüşi ekiler.

Ýaşuly nesliň wekilleriniň hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen ýazlyk ýeralmanyň ekişine girişýän oba hojalyk işgärleriň öňde duran möwsümi guramaçylykly geçirmäge uly ruhubelentlik döretdi. Welaýatlarda ýeralma ekişini guramaçylykly geçirmek we pudagyň ösüşi bilen baglanyşykly beýleki meseleler boýunça maslahatlar geçirildi.

Ekişiň başynda, däp bolşy ýaly, ýagşy nýetler bilen täze ýylyň hasylynyň bitginli bolmagy arzuw edildi. Soňra ýaşulular täze hasylyň ilkinji tohumlaryny topraga taşlap, döwletli işe ak pata berdiler.

Soňra tehnikalar ekiş meýdanlaryna girdiler. Häzirki wagtda döwrebap oba hojalyk tehnikalary, ýeralma ekýän kuwwatly traktorlar we suw gorlaryny ep-esli tygşytlamaga mümkinçilik berýän suwaryjyla daýhanlarymyza uly ýardam berýär.

Hünärmenleriň çaklamalaryna görä, ýeralmanyň täze hasylyny tomus aýynyň başynda ýygnamak meýilleşdirilýär.