Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Aşgabatdaky düzüm birlikleriniň wekilleri bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.
Duşuşyga BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan we BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysynyň wezipesini ýerine ýetirijisi Filipp Saprykin gatnaşdylar.
Işjeň ýagdaýda geçirilen söhbetdeşligiň barşynda taraplar Türkmenistanyň BMG hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen alyp barýan özara hereketleriniň netijeliligini bellemek bilen, durmuş-ykdysady ugurly häzirki we geljekki taslamalara seredip geçdiler.
Şu ýylyň 11-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde gazanylan taryhy çözgütler, şonuň ýaly-da 2022-nji ýylyň 12-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna görülýän taýýarlyklar ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy ugruny düzdi.