Ï «Talyp gözeli – 2022» gözellik bäsleşigi geçiriler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Talyp gözeli – 2022» gözellik bäsleşigi geçiriler

view-icon 11338
«Talyp gözeli – 2022» gözellik bäsleşigi geçiriler

Ýetip gelýän Halkara Zenanlar güni mynasybetli, ýokary okuw jaýlarynyň talyplarynyň arasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi we ýurdumyzyň Aýallar Bileleşiginiň Merkezi Geňeşi tarapyndan gurnalan «Talyp gözeli – 2022» gözellik bäsleşigi geçirilýär.

Her ýyl geçirilýän umumydöwlet bäsleşigi iň işjeň talyplaryň ünsüni özüne çekýär. Şol sebäpden gyzlaryň köpüsi oňa bildiriş yglan edilmezden has öň taýynlyk görüp başlaýarlar. Gözellere ýaryşyň üç tapgyrynyň dowamynda öz döredijilik mümkinçiliklerini, aşpezlik ukyplaryny we el çeperçiligini görkezmäge mümkinçilik berilýär.

Başlangyç tapgyrda talyp gyzlar öz okaýan ýokary okuw jaýlarynda bäsleşer. Birinji orny eýelän ýokary mekdepleriň hersiniň ýeňijileri 2022-nji ýylyň 1-nji martyndan 7-nji martyna çenli Aşgabatda geçiriljek bäsleşigiň uly, jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanarlar.

Bäşleşige gatnaşýanlar ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärlerinden düzülen eminler toparynyň öňünde diňe bir öz gözelliklerini däl, eýsem sungata, döredijilige ukyplaryny, goşgudyr aýdymlary ýerine ýetirmek ussatlyklaryny, şeýle hem milli däp-dessurlara beletliklerini görkezmeli bolarlar.

Ondan soň gözelleriň öý hojalykçy ukyplaryna baha berler. Hormatly Prezidentimiziň «Bereketli türkmen saçagy» atly kitabyndan ugur almak bilen, gyzlar türkmeniniň milli tagamy bolan unaş bişirmek üçin zerur zatlary tizden-tiz taýýarlamakda bäsleşerler.

Bäsleşigiň «Hünärim bar – hormatym bar» atly jemleýji bölüminde talyplar milli keşde çekmäge ussatlyklaryny görkezerler.

«Talyp gözeli – 2022» bäsleşiginiň ýeňijilerine we baýrakly ýerleri alanlara ýadygärlik sowgatlary berler. Şeýle hem, bäsleşige gatnaşanlaryň ählisine diplomlar we hormat hatlary gowşurylar.