Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň ýanyndaky Medeniýet merkezinde Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi.
Dabarany açan Eýranyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Golam Abbas Arbab gutlag sözi bilen çykyş etdi we bu çäräniň iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň ýyl dönümine gabat gelýändigini belledi.
Eýranyň diplomatik wekilhanasynyň başlygynyň sözlerine görä, Türkmenistan bilen Eýrany dostluk serhedi, şeýle hem köp asyrlyk taryhy we siwilizasiýa umumylygy birleşdirýär. Eýran Türkmenistan üçin bilelikde onlarça iri taslamany durmuşa geçiren we durmuşa geçirilmegini meýilleşdirýän iň iri ykdysady hyzmatdaşlaryň biri bolmak bilen, ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.
Eýranyň ilçisi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem, öz gezeginde, iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagy mynasybetli, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisä we ähli Eýran halkyna tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýollandygyny belledi. Ol, şeýle hem, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitine gatnaşmak üçin, 2021-nji ýylyň 27-28-nji noýabrynda iş sapary bilen Türkmenistana gelendigini ýatlatdy.
Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky hökümet wekiliýetiniň Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň möhüm taraplary boýunça duşuşyklary geçirmek üçin, şu ýylyň ýanwar aýynda Tährana amala aşyran iş saparynyň dowamynda gazanylan möhüm netijeleriň ähmiýetini aýratyn höwes bilen belläp geçdi.
Ilçihananyň medeniýet boýunça wekili, Eýranyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň medeni merkeziniň başlygy Nawid Räsuli Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky medeni we goňşuçylyk gatnaşyklary barada gürrüň berdi. Ol, şeýle hem, Türkmenistanyň dürli künjeklerinden 70-den gowrak adamyň öz eserlerini iberendigi üçin, «Eýrany öwreniş» mowzugyndaky neşirleriň bäsleşiginiň netijelerini jemledi. Olaryň üçüsine gymmatly baýraklar we hormat hatlary gowşuryldy.
Baýramçylyga köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyplar we Türkmenistanyň dürli pudaklarynyň işgärleri gatnaşdy. Duşuşygyň ahyrynda medeniýet işgärleri aýdym-sazly çykyşlaryny ýerine ýetirdiler.