Jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar edilmeginiň, raýatlara edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň dünýä derejesine ýetirilmeginiň, ýaş nesilleriň milli ruhda terbiýelenmeginiň, saglyga zyýan ýetirýän ýaramaz endiklere garşy göreşilmeginiň, türkmenistanlylaryň beden we ruhy taýdan sagdynlygynyň gazanylmagynyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar.
«Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakyndaky» Kanunyň kabul edilmeginiň hem-de temmäkä garşy göreşmek boýunça köpugurly maksatnamanyň durmuşa geçirilmeginiň netijesinde häzir Türkmenistan BSGG-niň Ýewropa sebitinde şu ugur boýunça öňdebaryjy orunlary eýeleýär.
2014-nji ýylda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy temmäkä garşy göreşmäge goşan ägirt uly şahsy goşandyny göz öňünde tutup, aýratyn Ýadygärlik medaly we Minnetdarlyk Şahadatnamasy gowşuryldy.
Adamlaryň ömür dowamlylygyny artdyrmak we sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi degişli ministrlikler hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary we halkara guramalar bilen bilelikde Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny işläp taýýarlanandygy barada şu ýylyň 18-nji fewralda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde wise-premýer S.Toýlyýew hasabat berdi.
Bu maksatnama temmäkiden azat ýurt hukuk derejesini kesgitlemek boýunça milli standarty döretmäge, bu babatda syýasatyň alnyp barlyşyna we kanunlaryň ýerine ýetirilişine aýratyn üns bermek bilen temmäkä garşy göreşmek ulgamyny berkitmäge, ilatyň arasynda temmäki önümlerine bolan islegi azaltmaga hem-de temmäkini ulanmagyň ýaramaz täsirleri barada ilatyň habardarlyk derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Şeýle hem temmäkiniň ulanylmagyny bes etdirmäge we nikotine baglylygy bejermäge gönükdirilen lukmançylyk hyzmatlarynyň elýeterliligini ýokarlandyrmak hem-de milli we halkara derejede temmäkä garşy göreşmegiň tarapdarlary bilen hyzmatdaşlygy berkitmek ilkinji nobatdaky wezipeleriň hataryna girizildi.
Wise-premýer Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň taslamalaryny hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna hödürläp, meýilleşdirilen işiň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýän adamlaryň sanyny köpeltmäge, zyýanly endikler sebäpli döreýän keselleriň derejesini azaltmaga, adamlaryň ömrüniň ortaça dowamlylygyny artdyrmaga gönükdirilendigini belledi.
Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň hünärmenleri temmäki önümlerinden ýüz öwürmeginiň peýdasynyň gysga wagtyň dowamynda duýulýandygyny nygtamak bilen, ony terk etmegiň jemi ýüzden gowrak sebäbini görkezýärler.
Ýaramaz endiklerden ýüz öwürmek, gadymdan bäri beden we ruhy taýdan sagdynlyga aýratyn ähmiýet beren ata-babalarymyzyň şöhratly däplerini dowam etmek, häzirki türkmen jemgyýetinde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň esasy ugurlaryny berkarar etmek köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we sporty ösdürmek boýunça ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli işleriň aýrylmaz bölegidir.
Häzir Türkmenistan temmäkä garşy ählumumy hereketiň ençeme ugurlary boýunça öňdebaryjy hökmünde çykyş edýär hem-de dünýäde temmäkiden azat çäkleri giňeltmek boýunça işlere mynasyp goşandyny goşmaga çalşyp, temmäkiniň ulanylmagyna garşy işleri işjeň alyp barýar.
Şunuň bilen baglylykda, ilatyň temmäki önümleriniň ulanylmagynyň ýaramaz täsirlerine degişli habardarlygynyň ýokarlandyrylmagyna, häzirki we geljekki nesilleriň ömrüni we saglygyny goramaga, temmäkiniň ulanylmagyndan ýüze çykýan keselleriň öňüni almaga aýratyn üns berler.
Bu möhüm ugurda görülýän ähli çäreler döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň iň gymmatly baýlygy hökmünde yglan edilen adamyň saglygyny goramaga we berkitmäge gönükdirilendir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.