Ï Magtymguly hakyndaky filme aktýorlar saýlanylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Magtymguly hakyndaky filme aktýorlar saýlanylýar

view-icon 5259
Magtymguly hakyndaky filme aktýorlar saýlanylýar

Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi täze, gysgametražly filmde keşpleri ýerine ýetirmek isleýänleri synaga çagyrýar. «Istärin» atly kinofilm akyldar şahyr we filosof Magtymguly Pyragynyň ömri hem döredijiligi barada gürrüň berer.

Synaga 16 ýaşdan uly bolan islendik kişi gatnaşyp biler. Hünär taýdan aktýorlyk bilimi bolsa has gowy, ýöne ol hökmany şert däldir. Oňa gatnaşmak üçin döredijilik synagyna ýazylmaly. Munuň üçin Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigine gelmeli ýa-da 49-37-13 telefona jaň etmeli.

Taslamanyň guramaçylarynyň aýtmagyna görä, eýýäm ilkinji höwesekler peýda boldy. Ýakyn wagtda zehinler uly synagdan geçiriler, onda olar Magtymgulynyň goşgylaryny labyzly okamalydyrlar. Synagdan geçenler foto we widosynaglara gatnaşmaga hukuk gazanarlar.

Türkmenistanda Magtymgulynyň döredijilgine uly üns berilýär. Ýurdumyz 2024-nji ýylda akyldar şahyryň 300 ýyllyk ýubileýini giňişleýin bellemäge taýýarlyk görýär. Şahyryň goşgularynyň biriniň ady bilen atlandyrylan «Istärin» filmi Magtymgulynyň baý döredijilik mirasyny wagyz etmäge ýene bir goşant bolar.