Ï Türkmenistanyň Prezidenti Estoniýa Respublikasynyň Prezidentini ýurduň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Estoniýa Respublikasynyň Prezidentini ýurduň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

view-icon 3168

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Estoniýa Respublikasynyň Prezidenti Alar Karisi hem-de ýurduň halkyny Estoniýa Respublikasynyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni bilen gutlady.

Döwlet Baştutanymyz pursatdan peýdalanyp, Prezident Alar Karise berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Estoniýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de öňegidişlik hem-de rowaçlyk arzuw etdi.