Ï Türkmenistan tarapyndan BSG-na goşulýan ýurt («işjeň synçy») derejesiniň alynmagy barada Ženewadan maglumat
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan tarapyndan BSG-na goşulýan ýurt («işjeň synçy») derejesiniň alynmagy barada Ženewadan maglumat

view-icon 5203
Türkmenistan tarapyndan BSG-na goşulýan ýurt («işjeň synçy») derejesiniň alynmagy barada Ženewadan maglumat

2022-nji ýylyň 23-nji fewralynda Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) binasynda geçirilen BSG-niň Baş geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň barşynda BSG-niň döredilmegi hakynda Marakeş ylalaşygynyň XII maddasyna laýyklykda Türkmenistanyň BSG-na goşulmagy baradaky arzasyna seredildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.

Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky bölüminiň ýanyndaky Hemişelik wekili Baş geňeşiň mejlisiniň işine gatnaşdy we BSG-niň agza-ýurtlarynyň öňünde Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan çykyş etdi.

Öz çykyşynda Türkmenistanyň Hemişelik wekili «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 – 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde kabul edilen «Türkmenistanyň 2021 – 2030-njy ýyllar üçin Daşary söwda strategiýasynyň» kabul edilmegi bilen, Türkmenistanyň Hökümetiniň ýurduň ykdysadyýetiniň önümçilik we eksport mümkinçilikleriniň artdyrylmagy, döwletimizde öndürilýän harytlaryň dünýä bazaryndaky bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlandyrylmagy, Türkmenistanyň ykdysadyýetindäki işewürlik we maýa goýum gurşawynyň has hem gowulandyrylmagy boýunça täze wezipeleri kesgitländigini beýan etdi.

Türkmenistanyň BSG-niň işine synçy hökmünde gatnaşmagy BSG-niň häzirki köpugurly söwda gün tertibinden we kadalaryndan doly habarly bolmagyna mümkinçilik berdi. Häzirki zaman dünýädäki, ylaýta-da pandemiýadan soňky döwürde ykdysady globalizasiýasynyň barha ösýän dessurlary, Türkmenistanyň öňünde dünýä ykdysadyýetine we halkara ykdysady gatnaşyklarynyň ulgamyna has işjeň aralaşmak babatynda anyk wezipeleri kesgitledi.

Hut şu maksatlara ýetmek üçin, Türkmenistanyň Guramanyň çäklerindäki indiki ädimleri babatynda has işjeň herekete başlandygy hem bellenilip geçildi. Türkmenistanyň BSG-ne goşulmagynyň meseleleriniň öwrenilmegi boýunça döredilen hökümet topary yzygiderli esasda Gurama bilen özara hereketleriniň ähli ugurlarynyň ýurduň milli gyzyklanmalaryna laýyk gelýändigini jikme-jik seljerýär.

Ara alyp maslahatlaşmalardan soňra, Guramanyň Baş geňeşiniň agza-ýurtlary Türkmenistanyň arzasyny kabul etdiler hem-de BSG-niň döredilmegi hakynda Marakeş ylalaşygynyň XII maddasyna laýyklykda, Türkmenistana BSG-na goşulýan ýurt («işjeň synçy») derejesiniň berilmegi baradaky karara geldiler. Guramanyň tertip-kadalaryna laýyklykda, BSG-na goşulýan ýurt derejesiniň alynmagy bilen, şonuň ýaly-da Türkmenistanyň BSG-ne goşulmagy baradaky Iş topary hem döredildi.