Ï «Türkmenhimiýa» döwet konsernine ýylylyk çalşyjy enjamlary we katalizatorlary satyn almak barada daşary ýurt kompaniýalary bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Türkmenhimiýa» döwet konsernine ýylylyk çalşyjy enjamlary we katalizatorlary satyn almak barada daşary ýurt kompaniýalary bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

view-icon 8967

Himiýa pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek, şeýle hem kärhanalaryň önümçilikleriniň üznüksiz işlemegini üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenhimiýa” döwlet konsernine:

ýylylyk çalşyjy enjamlary satyn almak barada Italiýanyň “Ofmeco Heat Transfer Technology S.r.l.” kompaniýasy bilen şertnamany;

“KATALСO” kysymly katalizatorlary satyn almak barada Beýik Britaniýanyň “Johnson Matthey PLС” kompaniýasy bilen şertnamany öz serişdeleriniň hasabyna baglaşmaga ygtyýar berildi.