Ï Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022-2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama tassyklanyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022-2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama tassyklanyldy

view-icon 7811

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilatyň arasynda sagdyn durmuş kadalaryny wagyz etmek we giňden ornaşdyrmak, temmäkä garşy göreşmek, raýatlaryň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak we adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak, Türkmenistany 2025-nji ýyla çenli temmäkiden azat ýurda öwürmek üçin netijeli çäreleri durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.

Şeýle hem Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamany amala aşyrmak baradaky Pudagara utgaşdyryjy topar döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

Ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimliklerine Milli maksatnamanyň amala aşyrylmagyny üpjün etmek tabşyryldy.