Ï Sungaty öwrenijileriniň arasynda döredijilik bäsleşigi geçiriler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Sungaty öwrenijileriniň arasynda döredijilik bäsleşigi geçiriler

view-icon 6173
Sungaty öwrenijileriniň arasynda döredijilik bäsleşigi geçiriler

2022-nji ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilmegi mynasybetli ýurdumyzyň sungat öwrenijileriniň gatnaşmagynda Garaşsyz we hemişelik Bitarap Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň dabaralanmagyny suratlandyrýan we şekillendiriş hem-de amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň parahatçylygy wasp edýän döwrebap çeper döredijiligini açyp görkezmek, watansöýüjilik, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik ýaly ýagşy häsiýetleri özünde jemleýän çeper eserleri ýüze çykarmak maksady bilen taýýarlanan sungat nazaryýetine degişli ylmy we döredijilik işleriniň bäsleşigi geçirilýär.

Bu geçiriljek bäsleşige gatnaşmak isleýänleriň işleri şu ýylyň 15-nji apreline çenli Türkmenistanyň Suratkeşler birleşigine çap edilen golýazma nusgada we elektron görnüşde kabul edilýär.

Bäsleşige şu aşakdaky işleriň golýazmalary gatnaşdyrylýar:

1. Monografiýa ýa-da ylmy makala;

2. Katalog;

3. Makala.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmy we edebi kitaplarynyň esasynda täze döredilmeli eserleri maslahat berýän sungaty öwreniş nazaryýetine degişli ylmy makalalar, «Meniň Arkadagly Watanym», «Türkmenistan – parahatçylygyň Watany», «Zähmet», «Taryhy şahsyýetler», «Halypa ussadyň döredijiligi», «Medeni mirasymyz» mowzuklar boýunça ýerine ýetirilmelidir.

Bäsleşigiň netijeleri 2022-nji ýylyň 20-nji iýunynda «Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni» mynasybetli Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň sergiler jaýynda serginiň açylan pursatynda dabaraly yglan ediler.