Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynda «Romeo we Julýetta» spektaklynyň täzelenen görnüşi sahnalaşdyryldy.Iňlis şahyry we dramaturgy Wilýam Şekspiriň belli eserleriniň biri ýaşlaryň päkize söýgüsi barada gürrüň berýär.
Ençeme asyr mundan ozal ýazylan bu eser häzirem belent duýgularyň naýbaşysy hasaplanylýar.
Režisýor Goçmyrat Bekiýewiň 2000-nji ýylda goýan spektaklyny režisýor Gülälek Akmyradowa täzeden sahnalaşdyrdy.
– Bu işi teatrymyzyň işgärleri aramyzdan ir giden režisýor Goçmyrat Bekiýewiň ýagty ýadygärligine bagyşlaýar – diýip Gülälek Akmyradowa gürrüň berýär. – Ol Şekspiriň tragediýasyny sahnalaşdyrýan döwri maňa režisýoryň kömekçisi hökmünde bu zehinli adam bilen işleşmek miýesser etdi. Pýesa barada onuň aýdanlary henizem ýadymda. Ol: «Men «Romeo we Julýetta» spektaklynda ulanylan pikirleriň ençmesini bilýärin, gördümem, käbiri uruglaryň urşy, beýlekileri tragediýa barada gürrüň edýärler, men weli söýgi hakynda spektakl goýmakçy» – diýipdi. Biz eseriň ýordumyna çuňňur aralaşyp, täzeden sahnalaşdyrylan oýna easy adamzat gymmatlygy – älem we parahatçylygy saklamak barada baş ideýa hökmünde söýgini öňe sürmek isledik.
Söýgi wakasyna zenan garaýşyny baş gahryman zenanyň durmuşy şeýle beýan edýär: «Ol entek çaga. Dünýe onuň üçin täzelik, ol entek on dördem ýaşanok. Ýene iki ýyljyk geçsedi, onda ol durmuşa çykmak üçin ýetişerdi». Julýetta (Merjen Garlyýewa) – pýesanyň esasy zenan gahrymany, şonuň üçinem ýaşajyk gyzyň duýgusy zenana has düşnüklidir.
Yşykdan başlap sahna bezegine çenli hemme zat spektaklyň ruhuna aralaşmaga ýardam edýär. Tomaşaçylar geçmiş eýýamda jenaplaryň we hanymlaryň gezelenç edýän Weronanyň meýdançalarynyň birine düşen ýaly bolýarlar. Şäheriň çet-bujagynda barlyşyksyz çaknyşyklar we gylyçlaşmalar bolup durýar. Bir gezek uzaga çeken dawanyň arasynda söýgi atly ýatdan çykarylan duýgy döreýär.
Kapulettiniň öýündäki balda Julýetta gözi düşenden Romeo Montekki (Begenç Garlyýew) oňa aşyk bolýar. Ine-de, ol ýaşajyk gözeliň dälizinde. Julýettanyň asuda durmuşynda Romeonyň peýda bolmagy onda diňe bir söýgi döretmän, eýsem onuň aklyny hem oýarýar.
Gyz näme üçin Montekkileriň we Kapulettileriň maşgalalarynyň biri-birini halamaýanlygy barada hiç haçan pikrirem etmeýär. Eger söýýän bolsaň, onuň haýsy urugdandygynyň parhy barmy näme? Gyz öz pikirini gorajak bolup, ilkinji gezek erjellik edýär.
Baky söýgi üçin berilen wada ýetginjegi we gyzy ata-eneleriniň garşysyna iterýär, bu bolsa iki gahrymanyň hem ömrüniň pajygaly tamamlanmagyna getirýär. Şu ýerde hem hemmä malim: «Romeo we Julýetta hakyndaky rowaýatdan beter pajygaly eser ýok» – diýen ýörgünli söz peýda bolýar.
Oýny goýan režisýor Gülälek Akmyradowanyň aýtmagyna görä «Romeo we Julýetta» ýaşlaryň arasynda dörän wepaly, hasratly söýginiň taryhydyr. Çagalarynyň ömrüniň pajygaly tamamlanmagy iki maşgalalary ýaraşdyrýar, ýöne ol eýýäm giçdi. Sahnada bagtyýar geljegiň we baky söýginiň hatyrasy hökmünde kiçijik iki perişde peýda bolýar.
Oýunda teatryň tanymal ýaş aktýorlary çykyş edýärler. Olaryň ussatlyk bilen döreden çeper keşpleri spektaklyň gahrymanlaryny ýatda galyjy edýär. Tiz wagtda teatr muşdaklary täze spektakla tomaşa edip bilerler.