Şu gün paýtagtymyzda ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasyna agza bolmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreler geçirildi. Olar Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeliligini nobatdaky gezek subut etdi.
Daşary işler ministrliginde utgaşykly görnüşde geçirilen “Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasy: parahatçylygy we ösüşi kepillendirmekde dialogyň orny” atly dabaraly duşuşyga ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işgärleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň bu abraýly gurama girmegi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara giňişlikde öňe sürýän ählumumy başlangyçlaryna goşmaça badalga berdi. Ata Watanymyz dünýäniň ähli döwletleri bilen özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmagy esasy ugur edinip, 30 ýyl mundan ozal BMG bilen hyzmatdaşlygy daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitledi.
Çykyşlarda Türkmenistanyň dünýä giňişliginde ornuny we wezipesini, onuň daşary syýasatynyň, içerki ösüşiniň esasy ýörelgelerini kesgitlän bu taryhy wakanyň wajypdygyna üns çekildi. Geçen 30 ýyl ýurdumyzyň BMG bilen türkmen halkynyň bähbitlerine kybap gelýän giň gerimli, maksada gönükdirilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy saýlap almagynyň dogrudygyny we öňdengörüjiliklidigini aýdyň görkezdi.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Türkmenistan üçin diňe bir wekilçilikli düzüm bolman, eýsem, ählumumy özara gatnaşyklaryň häzirki ulgamynyň binýadydygyny, halkara giňişlikde parahatçylygy we bähbitleriň deňagramlylygyny saklamagyň, howpsuzlygy üpjün etmegiň kepilidigini nygtaýandygy bellenildi. BMG-niň parahatçylyk söýüjilik, adalatlylyk, döwletleriň we halklaryň arasynda deňhukuklylyk, olaryň medeniýetine we özboluşlylygyna hormat goýmak ýaly belent ynsanperwer taglymlary ýurdumyzyň beýleki döwletler bilen gatnaşyklarynda esasy ýolgörkeziji ýörelgelerdir.
Foruma gatnaşyjylar Türkmenistanyň we BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň wajypdygyny belläp, döwletimiziň parahatçylygyň, howpsuzlygyň we abadançylygyň bähbidine netijeli halkara gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşýan saldamly goşandyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, döwletara we hökümetara derejelerde syýasy-diplomatik, halkara hukuk we söwda-ykdysady gurallary herekete getirmekde ýurdumyzyň diplomatik gullugyna ýokary talap bildirilýär.
Agza döwletler tarapyndan Türkmenistanyň ählumumy başlangyçlarynyň yzygiderli goldanylmagy BMG bilen hyzmatdaşlygyň netijelidiginiň subutnamasydyr. Diňe soňky ýyllarda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň ulag we energetika ulgamlarynda, sebit howpsuzlygy we öňüni alyş diplomatiýasy, parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmakda, dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde Bitaraplygyň orny baradaky öňe süren Kararnamalarynyň birnäçesini kabul etdi.
Çykyş edenler iri halkara we sebit guramalary bilen tagallalary birleşdirmegiň uly ähmiýetini nygtap, şunda BMG-niň aýratyn ornuny bellediler. Onuň işi açyk we ynanyşykly gatnaşyklary ýola goýmak, maglumatlary alyşmak hem-de öňde goýlan wezipeleri çözmäge has oňaýly çözgütleri gözlemek üçin ygtybarly binýady döretmäge ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, adam hukuklary, gender deňligi, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, durmuş özgertmeleri ýaly ulgamlarda özara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi hakynda hem aýdyldy.
Türkmenistan halkara hukugyň kadalaryna we BMG-niň Tertipnamasynyň ýörelgelerine hormat goýmak esasynda daşary syýasat ulgamynda ynanyşmagy we açyklygy dikeltmek boýunça bilelikdäki işe başlamagy yzygiderli teklip edýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2021-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmegi bu ugurda ädilen ähmiýetli ädimleriň biri boldy. Şol ýylda ýurdumyz tarapyndan bu düşünjeleri dünýä syýasatynda berkarar etmek üçin köp işler edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara gatnaşyklaryň «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly öňe süren täze filosofiýasy ählumumy parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine tagallalaryň dowamy boldy. Döwlet Baştutanymyz onuň ähmiýetiniň we wajypdygynyň şu gün hemmeler üçin äşgärdigini nygtady.
Bellenilişi ýaly, BMG-niň düzümleriniň işi hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasynyň bäş ugry boýunça bilelikdäki işiň ylalaşylan ýyllyk meýilnamalarynyň çäklerinde, şeýle hem beýleki maksada gönükdirilen resminamalara laýyklykda alnyp barylýar. Hususan-da, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegi çaltlandyrmak üçin seljerme geçirmäge we çäreleri işläp taýýarlamaga ýardam bermäge, olary ýurdumyzda durmuşa geçirmegi maliýeleşdirmek we netijeli gözegçilik etmek meselelerine uly üns berilýär.
Foruma gatnaşyjylar Birleşen Milletler Guramasynyň maksatlarynyň Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň wezipeleri bilen gabat gelmeginiň möhümdigini nygtap, Türkmenistanyň tebigy baýlyklaryny durnukly dolandyrmak hem-de parnik gazlarynyň pes derejesi bolan «ýaşyl» ykdysadyýeti döretmek üçin täze mümkinçilikleri ulanmak bilen bagly ösüşi we ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmagy goldamagy dowam etmäge taýýardyklaryna ynandyrdylar.
Şu günki çäreleriň çäklerinde Maslahatlar merkezinde ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy hem geçirildi. Hususan-da, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny” durmuşa geçirmek boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama, “Adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygy we olarda hereket etmegi utgaşdyrmakda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda” Ähtnamanyň esasyndaky bilelikdäki Hereketleriň 2022-nji ýyl üçin meýilnamasyna; Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň arasynda «Türkmenistanyň söwda kuwwatyny güýçlendirmek» atly taslama resminamasyna üýtgetmelere; Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň arasynda “Köp sanly bähbitleriň alynmagy üçin Aral deňziniň giňişliginde ýer serişdelerini we ýokary tebigy gymmatlygy bolan ekoulgamlary gorap saklamak we durnukly dolandyrmak” atly taslama; Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň arasynda “Türkmenistanda gidrohlor-ftor-uglerody dolanyşykdan tapgyrlaýyn çykarmak meýilnamasyny ýerine ýetirmek (II tapgyr)”, “Ozon gatlagyny dargadyjy maddalar baradaky Monreal teswirnamasynyň ýerine ýetirilmegini institusional taýdan berkitmek (V tapgyr)” atly taslamalara gol çekildi.
Şeýlelikde, Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlyk ähli ugurlar boýunça özara düşünişmek we özara bähbitlilik ýagdaýynda ösdürilýär. Şu günki çäreleriň çäklerinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Birleşen Milletler Guramasynyň nusgasy» atly bäsleşik hem geçirildi.