Ï «Parahat» HK-nyň mülkdarlary üzüm ekiljek meýdany giňelderler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Parahat» HK-nyň mülkdarlary üzüm ekiljek meýdany giňelderler

view-icon 8059
«Parahat» HK-nyň mülkdarlary üzüm ekiljek meýdany giňelderler

«Parahat» hususy kärhanasy Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda dürli miweli bag ekmek üçin bölünip berlen 200 gektar meýdanda täze ekiş möwsümine başlady. Ol ýerde häzirki wagtda hoz ösdürip ýetişdirmek üçin 25, üzüm üçin 85, alma üçin 30, erik üçin 30, şetdaly üçin 10, smorodina üçin bolsa 1 gektar ýer özleşdirilipdir. Şu ýyl meýilnama laýyklykda 30 gektar meýdanda HK-nyň öz bagynda ösdürilen 100.000 üzüm nahaly oturdylar. Täze ekiş möwsüminiň başlanmagy baradaky maglumatlar Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň agzalarynyň biri bolan «Parahat» HK https://www.tstb.gov.tm/ saýtynda ýerleşdirilipdir.