Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde şu ýylyň 12-nji martynda ýurdumyzda geçiriljek Prezident saýlawlaryna üns çekdi.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere, daşary işler ministrine Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalaryndaky we konsullyklaryndaky saýlaw uçastoklarynda ses bermegiň ýokary derejede guralmagynyň ýola goýulmagyny üpjün etmegi tabşyrdy. Milli Liderimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, öz wezipelerini talabalaýyk ýerine ýetirmekleri, saýlawyň barşyna doly gözegçilik etmekleri üçin, halkara synçylara ähli zerur guramaçylyk-tehniki we hukuk şertlerini döretmekde hemmetaraplaýyn ýardam bermegiň zerurdygyny belledi.
Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz täze saýlanan Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda meýilleşdirilýän halkara çäreleriň sanawyny düzmegi hem-de ony seretmek üçin hödürlemegi tabşyrdy.