Ï Täze tehnologiýalar - saýlaw bölümçelerinde
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Täze tehnologiýalar - saýlaw bölümçelerinde

view-icon 6423
Täze tehnologiýalar - saýlaw bölümçelerinde
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

12-nji martda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlawlar üçin üç ýüzden gowrak saýlaw bölümçesi dezinfeksiýa enjamlary bilen enjamlaşdyrylar, bu bolsa saýlawa gatnaşýanlaryň ýokançlyklaryň ýaýramagyndan goralmagyny üpjün eder. Enjamlar saýlawlaryň geçiriljek binalarynyň girelgesine oturdyldy.

Bu gurluş içinde arkaýyn hereket edip bolýan aşa ýuka metal göwdeli ötük görnüşinde ýasalypdyr. Aslynda, bu ötük galtaşmazdan, bedeniň gyzgynyny kesgitleýän ulgam, bedeni we gorag maskasynyň barlygyny ýüze çykarýan, ýüzüň suratyny we şekilini saklamak üçin duýgur we takyk funksiýaly iki gözli fotoenjam bilen enjamlaşdyrylan köp iş bitirýän enjamdyr. Mundan başga-da, onda beden gyzgynyny 0,5 – 1 metr aralykdan ± 0.3 ℃ / ± 32.5°F takyklygynda awtomatik usulda kesgitleýän enjamlar-da oturdylypdyr.

Enjama ýakynlaşan adamyň gyzgyny ölçelýär. Görkeziji kanagatlandyryjy bolsa, geçelge awtomatik usulda işläp başlaýar. Adam geçelgeden geçýär, ol ýerde bäş sekundyň dowamynda gündelik ulanmak üçin niýetlenen kümüş ionly uniwersal antiseptik serişde derini we geýimleri dezinfeksiýa edýär. Geçelgede ulanylýan serişde yz galdyrmaýar, derini guratmaýar we çalt siňýär.

Bu köpugurly enjamyň geçirijilik ukyby – sagatda müňden gowrak adam – ony raýatlaryň köp üýşýän ýerlerinde, mysal üçin, howa we demir ýol menzillerinde, hassahanalarda, söwda merkezlerinde, bilim edaralarynda, myhmanhanalarda ulanmaga mümkinçilik berýär. «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti enjamyň iki görnüşini – demir göwdeli we çişirilýän görnüşini satyn alyp oturtdy.

«Aýdyň gijeler» HJ-niň esasy wezipesi Türkmenistanda ýokary hilli elektrik we elektronik önümleriň önümçiligini ýola goýmak we importyň ornuny tutýan önümçiligi ösdürmek maksatnamasyny durmuşa geçirmekdir. «Aýdyň gijeleriň» ilkinji önümleri energiýa tygşytlaýjy lampalar, LED çyralary we köçe yşyklandyryş çyralarydy. 2020-nji ýylda bu şereket 10.000-den gowrak «Tolkun» we «Zemin» atly akylly telewizorlary, şeýle hem «Älem» telewizoryny öndürdi.

«Aýdyň gijeleriň» önümçiligi ösýär we işiniň gerimi giňeýär. Ol akylly telewizorlar bilen bir hatarda ýakynda router, «Körpe» kysymly goşa simkartly smartfon we «Milli» kysymly smartfony we beýleki görnüşli elektron önümlerini öndürip başlady. Bu harytlar müşderilere elýeterli bahadan hödürlenýär we daşary ýurtdan getirilýän görnüşlerinden pes däl.