Ï Halk Maslahaty ildeşlerimiziň hukuk goragynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Halk Maslahaty ildeşlerimiziň hukuk goragynda

view-icon 4867
Halk Maslahaty ildeşlerimiziň hukuk goragynda

2022-nji ýylyň 11-nji fewralynda Maslahat köşgünde hormatly Prezidentimiz, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi.

Biziň döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda şanly waka öwrülen bu forumyň gün tertibine 2021-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemlerini ara alyp maslahatlaşmak, geljekki 30 ýyl üçin möhüm wezipeleri kesgitlemek, şeýle hem mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini üpjün etmek boýunça döwlet syýasatynyň beýleki möhüm soraglaryna garamak meseleleri girizildi.

Şu ýyl Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilenine 30 ýyl dolýar. Şoňa görä-de, biziň Esasy Kanunymyzyň mazmunyny, onda beýan edilen kadalary we ýörelgeleri, adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak boýunça amala aşyrylýan anyk işleri düşündirmek we giňden wagyz etmek babatda çäreleriň toplumyny geçirmeli diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan ugur alyp, Ahal welaýat adalat bölüminiň we Ahal welaýat döwlet notarial edarasynyň işgärleri adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak boýunça ilatyň hukuk taýdan bilimlerini artdyrmak we kanunçylygy düşündirmek bilen bagly edara-kärhanalarda wagyz-nesihat işlerini geçirip, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden ýaýbaňlandyrýarlar. Şeýle halk bähbitli çäre Watanymyzda hoşniýetliligiň, halkymyzyň kanun taýdan goraglylygynyň, has takygy, adam hakdaky aladanyň dabaralanýandygyny subut edýär.

 Döwran Nuryýew,
Sarahs etrap döwlet notarial edarasynyň döwlet notariusy, 2-nji derejeli ýürist.