Ï «Türkmenenergogurluşyk» konsernine Owganystanyň kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Türkmenenergogurluşyk» konsernine Owganystanyň kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

view-icon 11064

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak, şeýle hem «Türkmenistan-Owganystan-Pakistan» elektrik geçirijisiniň taslamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Türkmenenergogurluşyk» konsernine Owganystanyň Hyrat welaýatynda ýerleşýän Nur-el-Jahad elektrik bekedinde açyk paýlaýjy desgalaryň taslama, üpjünçilik, gurluşyk-gurnama, synag we işe girizmek işlerini ýerine ýetirmek barada Owganystanyň «Da Afghanistan Breshna Sherkat» kompaniýasy bilen degişli şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi.