Ýurdumyzda hepdäniň dowamynda bulutly we ýagynly howanyň bolmagyna garaşylýar. Käbir ýerlerde howa +24 gradusa barabar bolar.
Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howa gündizlerine +10…+12 gradusa, gijelerine +5…+7 gradusa barabar bolar. Howa ýylylygynyň pesligi tutuş hepdeläp dowam eder. Şeýle hem, biraz ýagyş ýagar we çyglylyk ýokary bolar diýlip çak edilýär.
Ahal welaýatynyň çäklerinde üýtgäp durýan bulutly howa bolmagyna we gysga wagtlyk ýagşyň ýagmagyna garaşylýar. Howanyň ortaça temperaturasy gündizlerine +9…+12 gradus, gijelerine +3…+8 gradus bolar. Günorta-gündogar sebitlerinde +17 gradusa çenli maýyl howa bolar.
Balkan welaýatynda wagtal-wagtal açylýan bulutly howa bolup, howa gündizlerine +10…+15 gradus, gijelerine +2…+7 gradus bolar. Hepdäniň dowamynda gysga wagtlyk ýagyş ýagar diýlip çak edilýär. Kenarýaka sebitlerde howa +5…+10 gradus maýyl bolar.
Mary welaýatynda bulutly we ýagyşly howa bolup, temperatura gündizlerine +10…+15 gradus, gijelerine +8…+13 gradus bolar. Çarşenbe güni howa açylar. Hepdäniň dowamynda howanyň iň ýokary derejesi +23 gradus bolar.
Lebap welaýatynda üýtgäp durýan bulutly we ýagyşly howa bolar. Gündizlerine +12…+17 gradus, gijelerine +7…+12 gradus bolar. Günorta etraplarda howa +21…+24 gradusa çenli gyzar.
Daşoguz welaýatynda bulutly howa bolup, temperatura gündizlerine +6…+11 gradus, gijelerine +2…+7 gradus bolar. Heňdäniň dowamynda ýagyş we ýagyşly gar ýagmagy ähtimal.
Möwsümleýin sowuklama keselleriniň we wirusly ýokançlyklaryň ýaýramagyndan gaça durmak üçin, öýüňizden çykmankaňyz, howa ýagdaýyny göz öňünde tutuň! Agyz-burun örtükleriňizi dakynyň we degişli aralygy saklaň!